Saragt Babaýew Magtymguly Pyragynyň äpet heýkelini döreder

Türkmenistanyň halk nakgaşy, heýkeltaraş Saragt Babaýew täze esere beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döretmäge girişdi. Beýikligi 60 metr bolan äpet heýkel paýtagtyň günorta böleginde, Saglyk ýolunyň golaýyndaky tebigy baýyrda oturdylar. Heýkeliň kompozisiýasynyň töwereginde seýilgäh zolagy dörediler.

Awtoryň pikirine görä, Magtymgulynyň keşbinde Gündogaryň tanymal edebiýatçylarynyň hatarynda tanalýan, halkyň arzuw-hyýallaryny ýaýan ynsanperwer dana şahyryň beýikligi beýan ediler. Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň ikisine mynasyp bolan Saragt Babaýewiň döreden türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň heýkelleri Stawropol, Astrahan, Ankara şäherlerinde goýuldy.

Milli heýkeltaraşlyk mekdebiniň ussady Saragt Babaýew Daşoguzdaky Göroglynyň heýkeli, paýtagtyň Halkara aeroportunyň golaýyndaky, Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren “Oguzhan we onuň ogullary” çüwdürimler toplumy, “Ylham” seýilgähindäki tanymal ylym we medeniýet işgärleriniň heýkelleri we başga-da ençeme işleri bilen halk köpçüligi tarapyndan ykrar edildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmäge goşan goşandy we jemgyýetçilik işleri üçin şu ýyl oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Hormatly il ýaşulysy” diýlen at dakyldy.

Täze heýkeliň taslamasy möçberi we özboluşlylygy bilen haýran edýär. Heýkeli taýýarlamak üçin Änewiň senagat zolagynda üç müň inedördül metrden gowrak ýerde geljekki ýadygärligiň gips gabarasyny taýýarlamak we soňra ony bürünçden guýmak üçin zerur tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan seh gurlar.

Altmyş metrlik heýkeli döretmekde Saragta hünärmenler topary ulaldyjylar, demir eredijiler, kebşirleýjiler, krançylar, ulag işgärleri kömek ederler. S. Babaýewiň aýtmagyna görä, äpet heýkeli öz güýçleri bilen guýmak karar edildi. Beýik dananyň heýkelini ýasamak üçin bir müň tonna golaý bürünç gerek bolar.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň Ankaradaky ýadygärligine bardy
Magtymguly Pyragynyň heýkelleri dostlugyň nyşany
Aşgabatda Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewe bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Diňle: Döredijilik erkinligini bogýan Aşgabat daşary ýurt edebiýatçylaryna 25 heýkel diker
Döredijilik erkinligini bogýan Aşgabat daşary ýurt ýazyjy-şahyrlaryna onlarça heýkel diker
Sarpasy belentde tutulýan zenanlar