“Azatlyk” radiosynyň we TAH neşiriniň ştatdan daşary garaşsyz žurnalisti Saparmämmet Nepesgulyýew üç ýyllyk türme möhletini tamamlap, azatlyga çykdy.
Ýatladýarys, Sapärmämmet 2015-nji ýylyň iýulynda tussag edildi. Ony ýanynda Türkmenistanda gadagan edilen tramadol medisina preparatyny saklaýandygy üçin diýip, 3 ýyl türme tussaglgyna höküm etdiler.
Nepesgulyýewiň tussag edilmegi Türkmenistan hakynda birnäçe tankydy fotosuratlaryň we wideoreportažlaryň çap edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. .
Halkara hukuk guramalary, şeýle-de ÝHHG ýurduň häkimiýetlerini žurnalisti azat etmäge çagyrdylar.