Sapar Palwanow Ýewropa geňeşiniň başlygy Çarlz Mişele ynanç hatyny gowşurdy

Sapar Palwanow Ýewropa geňeşiniň başlygy Çarlz Mişele ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa geňeşiniň başlygy Çarlz Mişele Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki hemişelik wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurdy. Ynanç hatyny gowşurmak dabarasy Brýusselde geçirildi.

Dabaranyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Çarlz Mişel ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, şu ýyl hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Brýusselde döwlet Baştutany bilen duşuşyk gurmagy teklip etdi.

ÝB-iň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýýandygyny belläp, Çarlz Mişel Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanma bildirdi. Şu nukdaýnazardan Ýewropa geňeşiniň başlygy howpsuzlygy, parahatçylygy we durmuş-ykdysady ösüşi ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin gün tertibiniň üç esasy ugry hökmünde kesgitledi.

Türkmenistan bilen medeni hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary barada durup geçmek bilen, Çarlz Mişel geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi adam hukuklary Dialogynyň nobatdaky tapgyrynyň geçirilmegini, şeýle hem ÝB-niň Adam hukuklary we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ýörite wekilleriniň Türkmenistana ýakynda amala aşyran saparyny we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleri kanagatlanma bilen ýatlady.

Türkmenistanyň Doly ygtyýarly wekili hem öz gezeginde ýurduň daşary syýasatynda bitaraplygyň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistanyň ÝB-ni gyzyklandyrýan ugurlardaky özgertmeleri we ösüşi barada gürrüň berdi. Türkmen diplomaty duşuşykda esasy ünsi söwda, energetika, ulag taslamalary, sanly ykdysadyýetdäki hyzmatdaşlyk we howanyň üýtgemegi ýaly ykdysady ugurlara gönükdirdi.

Taraplar hyzmatdaşlygy artdyrmaga we Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gepleşikleri giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene degişli makalalar

Antonio Koşta wezipesine girişer
Tramp öz administrasiýasyny döredýär
“Ýüzükleriň hökümdarynyň” awtory birinji orny eýeledi
Teatryň özboluşly gahrymany
Karl III atlaryň satuwyndan 1 million funt sterling gazandy
Şazada Garriniň ýatlamalar kitabynyň çykjak senesi belli boldy