Sanlylaşdyrylmagyny goldamak boýunça okuwlara gatnaşýar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we BSGG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri saglyk maglumat ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagyny goldamak boýunça okuwlara gatnaşýarlar.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän çäre Berlinde geçirilýär.

Duşuşygyň maksady iň oňat halkara tejribesini ara alyp maslahatlaşmak, saglygy goraýşy sanlylaşdyrmak ugrundaky mümkinçiliklerden doly peýdalanmak üçin zerur hünärleri we bilimleri bermekden ybaratdyr.

Saglygy goraýyş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, hünärmenler tarapyndan ulgamy işletmek üçin çykdajylaryň ösüş depginini peseldip, gysga we uzak möhletde berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp, kliniki, durmuş we ykdysady netijeliligi ýokarlandyryp, şeýle hem lukmançylyk kömeginiň elýeterliligini ýokarlandyryp biljek yzygiderlilik hökmünde kabul edilýär.

Ýene degişli makalalar

ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär
BSGG: Gazanyň saglygy goraýyş ulgamyny dikeltmek üçin azyndan 10 milliard dollar gerek bolar
Türkmenistanda doglan lukman BSGG-niň Russiýadaky edarasynyň başlygy boldy
Aşgabatda diplomatlaryň arasynda ýaýdan ok atmak bäsleşigi geçirildi
Kongoda näbelli ýokançdan 140 adam heläk boldy
Gebreýesus Gazada Öýlerinden Jyda Düşenleriň 90 Göteriminiň Çadyrlarda Ýaşaýandygyny Aýtdy
BSGG: güýçli ses saglyk üçin zyýanly