Sanly ykdysadyýete 
tarap möhüm ädim

Sanly ykdysadyýete 
tarap möhüm ädim

“Maksatly ýaşamak durmuşa ynamly we çynlakaý çemeleşmekdir” diýilýär. Çünki öňde goýulýan her bir maksat özi bilen netijeli işlemegi, yhlasly zähmet çekmegi, okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, bir başa uýmagy...

talap edýär. Öňde goýulýan anyk maksatlar öňki gazanylanlary göz öňünde tutup, döwre görä gadam urmak, täze sepgitlere ýetmek, bar bolan mümkinçilikleriň üstüni ýetirmek, aň-düşünje, zehin, ukyp mümkinçiliklerini ulanyp, ylymda-bilimde ileri gitmek zerurlyklaryny ýüze çykarýar.

Hawa, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bagtdan paýly günleri arka atyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň bagtyýarlyk zamanasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda aýdyň ösüşler gazanyldy we gazanylmagy dowam edýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda medisina ulgamyny, internetiň we öýjükli aragatnaşygyň 4G hilini, mekdepleriň internet ulgamyna birikdirilmegini, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegini, agzalan ugra ýöriteleşdirilen sergileriň guralmagyny, bäsleşikleriň geçirilmegini, elektron maglumatlar ulgamyny döretmäge girişilmegini, sanly bilim ulgamyna badalga berilmegini...

görkezmek bolar.Emma barha elektronlaşyp barýan global dünýädäki innowasion tehnologik özgerişler diňe aýdylanlar bilen çäklenmeýär.Bu bolsa döwür bilen deň gadam urup, zamanamyzy, durmuşymyzy özgerdiji ençeme oňyn taslamalary durmuşa geçirmeklige howlukmaklygy talap edýär. Şolaryň hatarynda bolsa, ýurdumyzda demir ýol pudagynyň elektron-onlaýn ulgama geçmegini aýdyp bileris.

Bu işler ýurdumyzyň demir ýollarynyň döwrebaplaşdyrmagyň we hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň “Türkmendemirýollary” agentligini tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmäge we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen işleriň bir bölegi hökmünde amala aşyrylypdy. Şonuň bilen bir wagtda demir ýol ulaglary pudagyny onlaýn ulgama geçirmek boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär.

Bu ugurda “Türkmendemirýollary” agentliginiň ýakynda ýolagçylar üçin onlaýn bilet hyzmatyny ýola goýmagyny aýdyp bileris.Bu hyzmatyň işe başlamagy bilen ýolagçylar öz akylly telefonlaryna gurnalan “Turkmenistan Railways” mobil programma üpjünçiliginiň kömegi ýa-da railway.gov.tm internet saýtyna girmek arkaly syýahat etmek isleýän wagtynda, şeýle hem syýahat etmek isleýän ugruna elektron biletleri satyn alyp bilerler.

Bu onlaýn bilet ulgamynyň işleýiş ýeňilligi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.Bu barada ýörite durup geçmek okyjylarymyz üçin göwnejaý bolsa gerek.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň railway.gov.tm internet sahypasy hem-de “Turkmenistan Railways” mobil programma üpjünçiligi esasy 4 sany bölümden ybarat.Olar “Gatnaw tertibi”, “Ýolagçy gatnawlary”, “Logistika”, “Habarlar” bölümlerinden ybaratdyr.

Türkmen we rus dillerini saýlamak mümkinçiligi bolan saýtyň “Gatnaw tertibi” bölüminde ýurdumyzyň islendik künjeginden haýsy belgili gatnawda, hepdäniň haýsy günlerinde, haýsy ugra, näçe wagtda, nähili ýygylykda otly gatnawlarynyň amala aşyrylýandygy barada giňişleýin maglumat alyp bilerler.

Internet saýtynyň “Ýolagçy gatnawlary” bölüminde bolsa ýolagçylar otly gatnawlary bilen bagly özüni gyzyklandyrýan islendik soragyna jogap tapyp bilerler.Olaryň hatarynda onlaýn bilet satuwy, ýolagçy sany, el-goşlarynyň we ýükleriň gatnadylyş tertibi we ş.m soraglara düşündiriş berilýär. Şeýle hem, bu bölümde “Turkmenistan Railways” mobil programma üpjünçiliginiň “Android” we “iOS” iş ulgamlary üçin niýetlenen görnüşini internetden almak mümkinçiligi göz öňünde tutulypdyr.

“Türkmendemirýollary” agentligi demir ýol arkaly ýük daşamak bilen bagly hyzmatlaryň ençeme görnüşini amala aşyrýar we Türkmenistanyň çäginde onuň ençeme wekilçilikleri ýerleşýär.Türkmenistanyň çägi we GDA, Baltika, Eýrana, Owganystana, Hytaýa, Ýewropanyň we Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport, import we üstaşyr ýükleri daşamak üçin iň pes demir ýol nyrhnamalaryny hödürleýär we şuňa laýyklykda, ýük daşamagyň demir ýol nyrhnamalarynyň bahasyny hasaplap, gysga wagtyň dowamynda müşderilere hyzmat edýär.

Bu maglumatlar internet saýtyň “Logistika” bölüminde öz beýanyny tapýar. Şeýle hem bu bölümde zerur bolan resminamalary doldurmagyň tertibi, logistika hyzmatlary üçin nyrhnamalar barada maglumatlar barada tanşyp bilersiňiz. “Habarlar” bölüminde bolsa, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni, şeýle hem senagat we kommunikasiýa ulgamyna degişli habarlardyr täzelikler bilen tanşyp bilersiňiz.

Bu ýerde ýerleşdirilýän makalalar ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dünýä ýüzünde amala aşyrýan beýik işlerini wasp edýär.

Bu bölümler bilen tanyş bolanymyzdan soň aşakda ýerleşdirilen onlaýn bilet satuwy ulgamyna geçýäris.Islendik raýat bu ulgamdan peýdalanyp bilmegi üçin programma ýeňilleşdirilen görnüşde düzülipdir.Bu ulgam arkaly bilet satyn almak üçin, ilki bilen, “Bir tarap” ýa-da “Gidiş gaýdyş” öýjüklerinden birini saýlamak zerurdyr.

Soňra ýolagçy sany barada öýjügi doldurmaly.Bu ýerde näçe adamdygyňyz, ýanyňyzda çaga bardygy ýa-da ýokdugy, eger bolsa näçe ýaşyndadygy baradaky maglumatlary bermek gerek.Bu maglumatlardan soň, “Nireden” we “Nirä” öýjüklerinde ugramaly we barmaly menzili, haýsy senede, haýsy wagtda gitjekdigiňiz barada anyk maglumatlary ýerleşdirmeli.

Maglumatlar doly berlenden soň “Gözleg” düwmesine basmaly.Siziň öňüňizde şol senede gitjek ugruňyza degişli otly gatnawlary, wagon görnüşleri we biletleriň bahalary peýda bolar.Bu ýerde siz bilet görnüşiňizi saýlandan soň, şahsy maglumatlaryňyzy ýazmaly.

Bu maglumatlara el telefon belgiňiz, adyňyz, familiýaňyz, jynsyňyz, elektron poçtaňyz, pasport belgiňiz, doglan günüňiz degişlidir.Bu öýjükleri dolduranyňyzdan soňra özüňize amatly ýeriňizi haýsy gatdan isleýän bolsaňyz saýlamaga mümkinçiligiňiz bardyr.

Biletleriň tölegini “Altyn asyr” töleg kartlary arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulan. “Türkmendemirýollary” agentligi ilatymyza berýän hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek, pudagymyzyň maddy binýadyny berkitmek, häzirki zaman ülňülerine laýyklykda hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, “Android” we “iOS” ulgamlary üçin niýetlenilen programmalary ulanyjylara hödürledi.

Programmalar arkaly elektron biletleri satyn almak bilen birlikde syýahat edilen ähli biletleri telefonyňyzda saklamak mümkin.Programmanyň “Android” smartfonlary üçin niýetlenen görnüşini “PlayMarket-den”, “iOS” smartfonlary üçin niýetlenen görnüşini “App Store-dan” ýükläp bilersiňiz.

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, ähli ugurlarda elektron ulgama geçilmegi kagyz görnüşindäki resminamalar dolanyşygyny ep-esli azaltmaga, maglumatlaryň geçişiniň we olary alyşmagyň tizligini ýokarlandyrmaga, ahyrky netijede bolsa, çözgütleri kabul etmek üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaltmaga, şeýle hem işdäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiziň ýurdumyzy ösdürmeklige gönükdiren bu asylly başlangyjy esasynda iň bir gymmatly hazynany — wagty tygşytlamaga mümkinçilik döredilýär. Işde bolsa netijelilik, takyklyk, ygtybarlylyk gazanylar. Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaç alsyn!

Ýene degişli makalalar

“Halkara Gatnaw Logistika” kompaniýasy 5PL ulgamyny girizmegi meýilleşdirýär
Ýolagçy otly gatnawlarynyň täze tertibi
Bernina Express meşhur otly syýahaty
Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
Halkara meridian maslahaty geçirilýär
“Demirýollary” ýolagçy otly gatnawlarynda täze hyzmatyny işe girizýär
Dünýäniň uzak aralyga gatnaýan ilkinji ýolagçy otlusy