Sanly ykdysadyýet ösüşleriň açary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bank ulgamyny diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak wezipesinden ugur alyp, ulgama sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak, ilata hödürlenilýän sanly bank önümleriniň gerimini giňeltmek hem-de hilini ýokarlandyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar.

“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň 2019-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda ýurdumyzda döwrebap maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak we işe girizmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny dowam etmek, önümçiligi dolandyrmagyň innowasion usullarynyň kämilleşdirilmegini gazanmak, maliýe hyzmatlaryny menzilara ýerine ýetirmegiň dürli usullaryny ösdürmek ýaly işler sanly ykdysadyýeti ösdürmekde esasy wezipeler hökmünde öňe sürülýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ulgama sanly bank önümleri hem giňden ornaşdyrylýar, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär.Häzirki wagtda bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, sanly ulgamda Internet-bank, Mobil-bank, Elektron söwda, Halkbank terminal ulgamlary arkaly amallaryň ýerine ýetirilmegi, internetiň giň mümkinçilikleriniň hödürlenilmegi halkyň artýan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary, şeýle hem Internet-bank, Mobil-bank, Elektron söwda hyzmatlary arkaly ýerine ýetirilýän nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere mysal hökmünde jemgyýetçilik awtobuslarynyň petekleri üçin tölegleri, poçta, söwda we jemgyýetçilik iýmiti, aragatnaşyk, ýaşaýyş jaý, jemagat hyzmatlarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlarynyň, awtoulag ýangyjy, tebigy gaz, elektrik togy, agyz suwy üçin tölegleri, karzyň esasy bergisini we oňa hasaplanan göterimlerini tölemek we beýlekileri görkezmek bolar.

Häzirki wagtda Internet-bank hem-de Mobil-bank ulgamlary arkaly bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bank işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda programma üpjünçiliginiň ýeterlikli derejede alnyp barylmagy, banklaryň internet sahypalarynyň barha kämilleşdirilmegi täze ýola goýlan hyzmatlar barada müşderileriň hakyky wagt tertibinde (online) habardar bolmagyna ýardam edýär.

Internet-bank hyzmaty bu bank hasaplaryny dolandyrmaga we karz edarasyna barmazdan internet ulgamy arkaly dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr.Mobil-bank hyzmatynyň Internet-bank hyzmatyndan esasy tapawudy bank amallarynyň ykjam telefonlar we planşetler üçin niýetlenen ýörite mobil programma üpjünçiligi arkaly ýerine ýetirilmegidir.

Internet-bank hem-de Mobil-bank hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, şol sanda, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge hem-de çaltlaşdyrmaga, geçirilýän amallaryň yzygiderliligi baradaky maglumatlary gözegçilikde saklamaga, hasaplaşyklar geçirilende wagty tygşytlamaga amatly mümkinçilikleri döredýär.

Günüň islendik sagadynda banka ýüz tutmazdan Internet-bank we Mobil-bank ulgamlary arkaly amala aşyrylýan hyzmatlar banklary ilata has hem ýakynlaşdyrýar.Häzirki wagtda Altyn asyr bank kartynyň eýelerine öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalaryna girmek arkaly bank kartlaryny özbaşdak Internet-bank hyzmatyna birikdirip bilýär. Şeýle hem internet ulgamynyň üsti bilen öýlerinden çykman harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri, ýagny, dürli egin-eşikleri, elektronika we hojalyk harytlary üçin internet ulgamynyň üsti bilen özbaşdak saýlap, töläp, hem-de olary satyn alyp bilýärler.

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna täze sanly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň netijesinde Türkmenistanyň degişli karz edaralary “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawto-ulaglary” hem-de “Türkmenhowaýollary” agentlikleri bilen bilelikde bank kartlaryny ulanyp, demirýol peteklerini hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda petekleri internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde satyn almak mümkinçiligi döredildi.

Mundan başga-da ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlarymyza döwrebap “Cash-back” bank hyzmaty hem ýerine ýetirilýär. “Cash-back” bank hyzmaty bank amallarynyň hilini kämilleşdirmäge, halka edilýän bank hyzmatlarynyň göwrümini has-da giňeltmäge, karz edaralary tarapyndan müşderileri banka çekmäge giň mümkinçilik berýär.

Banklar tarapyndan bank kartlary arkaly tölegler amala aşyrylanda kartyň eýesine berilýän göterimiň möçberini banklar özleriniň alyp barýan göterim syýasatyna laýyklykda ýerine ýetirýärler. “Cash-back” döwrebap bank hyzmaty ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde söwda we hyzmat ulgamlarynda bäsdeşligiň artmagyna uly itergi berýär hem-de alyjylaryň we satyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, müşderilere edilýän döwrebap hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna we olaryň barha kämilleşmegini üpjün edýär.

Häzirki wagtda bu hyzmatyň amatlyklaryndan peýdalanýan raýatlarymyzyň sany günsaýyn artýar.

Sanly bank hyzmatlarynyň sanynyň artdyrylmagy we ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly işine hem oňaýly goşant goşar.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi berýär.

Şeýle hem 2020-2021-nji okuw ýylyndan başlap, biziň TMB-niň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebimizde geljekdebu ugurdan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenler taýýarlamak maksady bilen,ýörite “Sanly ykdysadyýet” dersi girizildi. Şu dersiň maksatnamasyna laýyklykda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksady, wezipeleri we amala aşyrmagyň ugurlary, sanly ykdysadyýet bilen baglanyşykly milli kanunçylyk ulgamy, maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmegiň esasy ugurlary we sanly ykdysadyýetiň tehnologik esaslary boýunça talyplara bilim berilýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmakda ägirt uly mümkinçilik-leri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Nurana Döwrangeldiýewa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň ÝÜZLENMESI
Halkbank PTB: Kartdan karta pul geçirmek hyzmaty ýola goýuldy
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar
Milli manadymyz ýurdumyzyň berk binýady
Türkmenistanda “Rysgal” bankyň taýýarlan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary ulanyşa giriziler
Bank ulgamy: sanly hyzmatlaryň gerimi giňelýär