Şanly senä sanlyja gün galdy

“Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň her bir güni bizi mähriban halkymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senelere Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de Aşgabat şäheriniň gününe barha golaýlaşdyrýar. Şu mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherinde baýramçylyklary mynasyp garşylamak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklaýar we adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berýär.

Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny, şäheri hem-de onuň inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümlerini abadanlaşdyrmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylyşyny yzygiderli gözegçilikde saklaýar.Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan giň gerimli şäher gurluşyk maksatnamasynyň hem-de möhüm ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň hem-de täsin binalaryň toplumlary peýda boldy. Şolaryň aglabasynyň has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlaryň bolmagy bolsa hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagta baş säherimiziň dürli künjeklerinde döwrebap desgalaryň we binalaryň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär.Däp bolşy ýaly, şol desgalaryň köpüsinde şanly senelere we baýramçylyklara gabatlanylyp dabaraly ýagdaýda açyljakdygy bellärliklidir.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde dürli medeni hem-de köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy. Şanly senäniň hormatyna “Ak şäherim Aşgabat” atly ХХ Halkara köpugurly sergi, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, medeni köpçülikleýin çäreler, dürli maksatly desgalaryň hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary, sport bäsleşikleri, at çapyşyklar we beýlekiler guralar.

Baýramyň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşup, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara dabaraly ýagdaýda sylaglaryň gowşurylar. 25-nji maýda bolsa, paýtagtymyzyň demirgazygynda Aşgabat siti ― şäher içindäki şäheriň düýbi tutular, şeýle hem şol gün täze gurlan kaşaň “Garagum” myhmanhanasyny dabaraly açyp, ulanmaga beriler.

6,9 gektar meýdanda ýerleşýän 9 gatly myhmanhanada kaşaň otaglaryň 87-si, şol sanda standart, sýut, lýuks hem-de super lýuks otaglar göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, restoranlar, banket zaly, ýüzülýän howuzlar, dürli trenažýorlar bilen üpjün edilen fitnes-zal, tennis meýdançasy we beýlekiler myhmanlaryň hyzmatynda bolar.

Jemläp aýtsak Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygynyň baýramy uly şowhun we dabara bilen bellener. Bu şanly sene taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylar.

Aýsoltan Aşyrowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Ynsan saglygy gymmatly baýlyk atly sergi geçirildi
Halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türkmenistanly türgenler sylaglanyldy
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndy türgenleriniň topary Daşkentde agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler
Dokma toplumynyň gymmatly çig maly
Türkmen türgenleri Aziýa çempionatynda 4 medal gazandylar
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndy türgenleriniň topary Daşkentde agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler