Şanly senä bagyşlanan Halkara sergi geçirilýär

1-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara sergi açyldy.

Ýurdumyzyň gazananlaryny hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny ösdürmekde döwrebap meýilleri öz içine alan foruma ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 37-si, teleýaýlymlaryň 6-sy, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýar.

12 günläp dowam etjek hem-de dürli işewürlik çärelerini öz içine aljak wideomaslahat görnüşinde geçirilýän baýramçylyk sergisine daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşar.

Sergi merkeziniň meýdançasynda döwlet we hususy düzümleriň, şol sanda her pudagyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini wideogörnüşde tanyşdyrýan ministrlikleriň, dolandyryş edaralarynyň, iri kärhanalaryň diwarlyklary ýerleşdirildi.

Sergi Diýarymyzyň işewür toparlarynyň öndürýän halkara hil ölçeglerine kybap gelýän dürli önümleri, artýan eksport kuwwaty bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

Halkara serginiň mowzuklaýyn bölümleri Türkmenistanyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny açyp görkezýär. Forumyň her güni milli ykdysadyýetimiziň ulgamlarynyň birine bagyşlanýar.

Bölümler boýunça geçirilen mejlisleriň çäklerinde türkmen harytlaryny dünýä bazaryna çykarmaga, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam edýän guramalaryň işine bagyşlanan habarlar beýan edildi. Şolaryň hatarynda GS1 bitewi ölçegleri döretmek we ornaşdyrmak boýunça halkara düzümiň doly hukukly agzasy bolan ştrih-kodlar boýunça milli gurama, eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan baş döwlet edarasynyň wezipesini ýerine ýetirýän Döwlet haryt-çig mal biržasy bar.

Sergi zalynyň ýörite meýdançasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýän türkmen halysy milli guwanjymyzdyr atly tanyşdyryş çäresi boldy. Çäre Türkmenhaly döwlet birleşigi tarapyndan guraldy.

Dokma senagaty ministrligi hem-de TSTB, şeýle hem Asman we Mähirli zenan modalar öýleri bilelikde täze tikin önümleriniň görkezilişini guradylar.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň kiçi mejlisler zalynda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri atly tegelek stol maslahaty geçirildi.

Çäreleriň hatarynda wideoaragatnaşyk görnüşindäki ylmy-amaly maslahatlar, ýygnaklar, duşuşyklar, tegelek stollar, işewür duşuşyklar bar, şolaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Başlangyjy 1-nji sahypada.

Türkmen bazarynda üstünlikli işleýän hem-de uzakmöhletleýin esasda işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän ýurdumyzyň geljekki hyzmatdaşlary onlaýn görnüşde öz tekliplerini beýan ederler.

Maslahatlara hem-de tegelek stollaryň mejlislerine gatnaşyjylar geljegi uly taslamalar, şol sanda akylly şäher taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Sanly çözgütler-2020 atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň netijeleri jemlener, sanly.tm täze milli elektron poçtasy hem-de tmchat programmasynyň messenjeri bilen tanyşdyryş çäresi, Türkmen sähra-2020 hem-de Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň ylmy işleriniň wirtual sergisi guralar. Sergä gatnaşyjylar we onuň myhmanlary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanyna çykarylan täze neşirler bilen hem tanşyp bilerler.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň

gatnaşyklar ösdürilýär

Serginiň ikinji gününde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, wajyp resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy.Halkara guramalary we daşary ýurt kompaniýalary bilen gol çekilen Ähtnamalaryň, ylalaşyklaryň we iş meýilnamalarynyň 18-siniň hem obasenagat toplumynda özara peýdaly uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gönükdirilendigini bellemeli.

Giň möçberli forumyň ikinji güni milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ýeten derejesine we geljekki ösüşine bagyşlandy.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan pudagyň mümkinçilikleriniň we girdejiliginiň ýokarlandyrylmagyna, önümçilik möçberiniň hem-de dürli görnüşdäki oba hojalyk önümleriniň eksport ugrunyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler Diýarymyzda azyk bolçulygynyň, halkymyzyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.

Bu gün howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa, Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Şolaryň çäklerinde, Diýarymyzda tebigaty goramak, biodürlüligi we tebigy aýratynlyklary gorap saklamak, çölleşmä hem-de ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmek, gök zolaklary döretmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden hem-de beýleki halkara maslahatlarda daşky gurşawy goramak, suw we energetika serişdelerini gorap saklamak, azyk howpsuzlygyny berkitmek, Aral deňziniň sebitiniň ekologiýa meseleleriniň çözgüdine, Hazaryň ekologiýa abadançylygynyň saklanylmagyna toplumlaýyn çemeleşmek meseleleri boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite Maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak hakyndaky teklipler bar.

BMG-niň düzümleri bilen netijeli

hyzmatdaşlyk alnyp barylýar

Birleşen Milletler Guramasy we onuň möhüm agentlikleri hem-de düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudygyny bellemek gerek.

Bu gezekki gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, türkmen tarapyndan bu resminama ýurdumyzyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak hem-de energetika ministrleri, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy gol çekdiler.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG ÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyndan başga-da birnäçe taslamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek, Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi ýaly ugurlar bar.

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti öz gezeginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Energiýa serişdelerini netijeli ulanmak we Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleri atly taslamanyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekdi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de ýurdumyzyň Hökümeti BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) bilen resminamalara gol çekdi. Soňky ýyllarda bu düzümler bilen özara ylalaşmak esasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Şeýle hem türkmen tarapy beýleki hyzmatdaşlar, hususan-da, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), Valmont Industries, Inс, Valey we JСB Sales Limited daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky ylalaşyklara hem-de Ähtnamalara gol çekdi.

Türkmenatlary döwlet birleşigi bilen HHR-iň Atçylyk assosiasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Jokeý klubynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga, Fransiýanyň atçylyk we çapyksuwarlyk institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň toplumy Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen giň möçberli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny görkezdi.

3-nji dekabrdaky sergi Nebitgaz toplumyna bagyşlandy. Toplumda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli taslamalaryň, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň mahabat-tanyşdyryş dabarasy boldy. Şeýle hem ýörite tanyşdyrylyş dabarasynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklary we magdan serişdeleri görkezildi.

Düýn, 4-nji dekabrda sergide ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň gazananlary öz beýanyny tapdy. Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň, Akylly şäher taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu sergi Ulag we aragatnaşyk toplumyna bagyşlanýar. Toplumda ulag, elektron aragatnaşygy, sanly ulgam boýunça ýetilen sepgitler aýratyn bellenilmelidir. Şoňa görä, Sanly çözgüt — 2020 atly innowasion çözgüt we beýlekiler maslahatlaryň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň özenini düzer.

Şeýle hem sergide ýurdumyzyň ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş, medeniýet, ykdysadyýet we bank ýaly ugurlardaky ösüşleri öz beýanyny tapar.

Serginiň ýapylyş dabarasy 12-nji dekabrda, tutuş dünýäde Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýän güni geçiriler.

Halkara foruma gatnaşyjylara diplomlar gowşurylar.

The post Şanly senä bagyşlanan Halkara sergi geçirilýär appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary ösdürýär
Halkara serginiň çäklerinde resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary ösdürýär
02.12.2020 | Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary ösdürýär
Berlinde türkmen-german işewürlik forumy geçirildi
Beýik Britaniýanyň JCB Sales Limited kompaniýasy Türkmenistana oba hojalyk tehnikalaryny ibermäge gyzyklanma bildirýär