Hytaýyň Merkezi banky “e-CNY” atly sanly puluň ulanylýan çägine ýene-de dört uly welaýaty goşar.Olaryň arasynda ýurduň iň köp ilatly welaýaty bolan Gundun hem bar.
Szýansu, Hebeý we Syçuan synag maksady bilen ulanylýan sanly puluň dolanyşyga giriziljek beýleki welaýatlary bolar.Hytaýyň Merkezi banky sanly puly iki ýyldan bäri synag edýär.Bu synaglarda adatça şäheriň çäginde we köp sanly adamyň az mukdarda gazanmagy göz öňünde tutulypdyr.
Geçen ýylyň oktýabrynda 140 million adamy “e-CNY” atly gapjyk döredipdir we bu sanly gapjyklar arkaly 9 milliard dollarlyk bank amaly ýerine ýetirilipdir.Kripto pullaryň ulanylyşynyň artmagy bilen dünýäniň köp ýurdunda has ygtybarly bolan sanly pullaryň çykarylmagy göz öňünde tutulýar.Günorta Koreýa hem-de Şwesiýada hem geçen ýyl şeýle synaglara başlanypdy.
Ogulnur Annamuhammedowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby