Sanly çözgüt 2024 bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär

Sanly çözgüt  2024 bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär

Kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan geçirilýän Sanly çözgüt 2024 atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär.

Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň talyp we okuwçy ýaşlary, şeýle hem tehnologiki özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleri 300-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy.

Innowasion bäsleşigiň emin agzalary ýaşlaryň işläp düzen programmalaryna we sanly çözgütlerine kibernetikanyň, matematikanyň, algoritmleriň usullaryna, ýaşlaryň täze täze garaýyşlaryna we bäsleşigiň tassyklanan düzgünnamasyna esaslanyp baha berýärler.

Ýaşlar bolsa öz gezeginde akylly robotlar, wirtual kömekçiler, ýüzi tanamak ulgamlary, el telefonlaryndan we ses arkaly dolandyrylýan elektron enjamlar ýaly sanly çözgütleri işläp düzmekde özleriniň başarnyklaryny görkezýärler.

Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşik IT tehnologiýalary ösdürmek, emeli aňy has-da kämilleşdirmek we robototehnika ýaly ugurlarda täze pikirlere ýüzlenmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ýene degişli makalalar

Hekem kärhanalar topary IT kompaniýasy üçin intellektual eýeçiligiň toplumlaýyn bahalandyrmasyny tamamlady
Türkmentel 2024: Innowasion ösüşe täze garaýyşlar
Lebap gazturbinaly elektrik stansiýasy aýda 104 million kWt/sagat elektrik energiýasyny öndürýär
Sagdyn nesil bagtyýar geljek
Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly işewürler bilen geljegi uly taslamalara garady
"Altkom" türkmen hyzmatdaşlaryna köpri gurmakda tejribelerini hödürleýär