"Sanly çözgüt - 2024" innowasiýa taslamalarynyň bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady. Çäre "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň binasynda geçirilýär we programma üpjünçiligini, ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary işläp düzýän zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilendir.
Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirilýär: emeli aň, robotlaryň tehnikasy we awtomatizasiýa, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, "Akylly şäher", bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk we hyzmat ediş ulgamy.
Degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan emin agzalary taslamalary birnäçe ölçegler boýunça baha bererler. Olaryň arasynda durmuş-ykdysady şertlerde (sanly çözgütleri) ornaşdyrmagyň mümkinçiligi we derwaýyslygy, ykdysady netijeliligi, oýlap tapyşyň hili, dizaýny we ulanmak amatlylygy, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmekde innowasiýa usullaryny ulanmak bar.
Her ýylky däbe öwrülen bäsleşik, ýaş alymlara we talyplara öz ylmy-tehniki pikirlerini we innowasiýa açyşlaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Türkmen IT tehnologiýalary boýunça hünärmenler tarapyndan işlenip düzülýän täze sanly önümleriň giňden ulanylmagy, ýurduň durmuş-ykdysady we ylmy-tehnologik kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.