Sanly çözgüt 2023 bäsleşiginiň jemleri jemlendi

10-njy noýabrda “Sanly çözgüt 2023” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu dabara “Türkmentel 2023” halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde geçirildi. Bäsleşige hödürlenen jemi 42 sany taslama işi degişlilikde 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji orunlara mynasyp görüldi.

Bäsleşige talyplar, mekdep okuwçylary we dürli pudaklaryň wekilleri ýedi ugur boýunça 320-ä golaý taslama hödürläpdiler. Robototehnikadan başlap, programma üpjünçiligine çenli biri-birinden üýtgeşik taslamalaryň düzüjileri ýeňiji adyna mynasyp bolmak üçin ýaryşdylar.

Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan Sanly çözgüt atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi her ýylda geçirilýär.

Ýeňijilere diplomlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Robot tehnologiýalary boýunça bäsleşik geçiriler
Wanda "Dünýä Robot Kubogy" bäsleşigi başlady
Robotlar çagalara iňlis dilini öwreder
Memorial hassahanalar zynjyry Türkiýäniň iň iri lukmançylyk merkezi
Emeli aňly robot stadionda futbola tomaşa etdi