
2021-nji ýylyň 1 5-nji noýabry aralygynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan ýurduň ýaşlarynyň arasynda maglumat-telekommunikasiýa ulgamy boýunça geçirilen “Sanly çözgüt 2021” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik saglygy goraýyş, ylym-bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalyk, hyzmatlar ulgamy we robototehnika ýaly 7 ugur boýunça geçirildi.
Eminler toparynyň çykaran netijesi esasynda bäsleşigiň her bir ugry boýunça bir sany birinji, iki sany ikinji we üç sany üçünji orun kesgitlenildi.
“Sanly çözgüt 2021” atly innowasion taslamalar bäsleşigine gatnaşyjylaryň dürli ugur boýunça şu taslamalary 1-nji orna mynasyp boldy:
— Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Ýaraşowa Göwher — “Saglygy goraýyş” ugry boýunça “Lukmanlara nobata durmak we hassahanalar barada maglumat jemlenen sanly programma üpjünçiligi” atly işi;
— Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nyýazow Muhammetberdi — “Ylym we bilim” ugry boýunça “CNC robotlaryň arzan bahadan we öz dilimizde halka hödürlemegi, geljekdäki ýaş nesillere kompýutere we robotlara bolan dünýa garaýsyny giňeltmekde ýardam bermek” atly işi;
— Fiziki şahs (raýat) Aşyrow Bereket — “Ulag-logistika” ugry boýunça “Ýük daşaýanlary we daşadýanlary bir portalda jemlemek” atly işi;
— Fiziki şahs (raýat) Durdyýew Merdan — “Elektron senagat” ugry boýunça “Taslamanyň esasy wezipesi senagatda, ykdysadyýetde we gündelik iş dolanyşykda harydy, enjamy, tehnologiýany saýlamakda çözgüdi kabul etmäge goldaw bermek” atly işi;
— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň magistr talyby Saparow Bagtyýar — “Oba hojalyk” ugry boýunça “Zatlaryň internetini tehnologiýasyny durmuşymyza ornaşdyrmak” atly işi;
— Ruhnama adyndaky 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýylkybaýew Ylýas — “Hyzmatlar ulgamy” ugry boýunça “Söhbet hatlary alyş-çalyş etmek üçin sada, çalt we howpsuz programma” atly işi;
— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Nano we biolukmançylyk elektronikasy kafedrasynyň mugallymy Jumakowa Nargiza — “Robototehnika” ugry boýunça “Arduino Nano esasynda 3D Lazer skanirlerýji enjamynyň ýasalyş tehnologiýasy” atly işi.
Bäsleşikde tapawutlanyp, öňdäki orunlara eýe bolan ýaşlar “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan diplom hem-de baýraklar bilen sylaglandy.