Sanly bilim ulgamy ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzda ylym-bilim babatda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizi begendirýär, buýsandyrýar. Ýurdumyzda halkara diller bolan iňlis we rus dillerini ylym-bilim ulgamynda öwrenmeklige-de uly üns berilýär. Elbetde, dilleri öwrenmek üçin döredilýän amatly şertler ýurdumyzyň dünýä bileleşiginde abraýyny artdyrýar, uly ösüşlere badalga berýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilimli, sowatly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýär.Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin düýpli işler amala aşyrylýar.

Diýarymyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze orta we ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar.Bu bolsa sanly bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň esasynda sanly bilim ulgamyna doly geçilmegi, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylyp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşyklydyr.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okuw işinde uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalaryny ulanmak konsepsiýanyň esasy wezipeleridir. Şonuň bilen birlikde-de, bu resminama tehnologik täzeçilligi döretmäge we ýaýratmaga, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyna, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegine we olaryň tor arkaly elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu tehnologiýalaryň ulanylmagynyň işjeňleşdirilmegi bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we berilýän bilimleri yzygiderli berkitmäge ýardam edýär. Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi bilim edaralaryny ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edip, ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek döwrüň talaby bolup durýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanylmagy esasynda milli bilimiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, ykdysady taýdan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna şert döredýär.

Bu günki ýaşlarymyz dünýä dillerini içgin öwrenýärler. Çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde dil öwretmek has-da kämilleşdirildi. Şonuň netijesinde hem ýaş nesillerimiziň dil öwrenmäge bolan höwesi has-da ýokarlanýar.

Bu bolsa olaryň berilýän bilimlere oňat düşünmeklerine ýardam edýär.Dünýä dillerinde ylmy maglumatlaryň, çeper edebiýatlaryň köp bolmagy baý ylmy maglumatlary özleşdirmekde hem dünýä dilleriniň wajypdygyny görkezýär.Umuman alanyňda, dil öwrenmek her bir ynsan üçin örän ähmiýetlidir.

Bu ynsanyň pikirleniş dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem dil öwrenmek endiklerini ösdürmek, ene dilimiziň baýlyklaryna çuňňur düşünmek biziň has-da kämilleşmegimize ýardam eder.

Sanly bilim ulgamynda dil öwretmegiň täze usullary, sapak geçmegiň döwrebap görnüşleri kemala gelýär.Irki döwürlerde görkezme esbaplar bilen sapak geçmek usuly ulanylan bolsa, häzirki ösen döwürde kompýuter enjamlaryň kömegi bilen dürli şekilleri, gepleşikleri talyplara hödürlemek mümkinçiligi artdy. Şunda lingafon okuw otaglarynyň hem ähmiýetini belläp bolar.

Bu ýerde sözleri diňlemek we ýat beklemek, gerek ýerinde ulanmak bolýar.Sanly bilim ulgamy arkaly ýokary okuw mekdepleri bilen göni sapak geçmek mümkinçiligi-de işjeňleşdirilýär.Bu talyplaryň ukyp-başarnygyny kämilleşdirmäge kömek edýär. Şeýle hem sapak mahaly dürli kitaphanalardan peýdalanmak, kitaplary elektron görnüşde talyplara hödürlemek ýaly görnüşleriniň bardygy hem bellärliklidir.

Umuman, ylmyň häzirki ösen döwründe okatmagyň we bilim bermegiň dürli görnüşleri öwrenilýär. Şu babatda aýdylanda, bilim bermegiň täze usullaryny durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň kämilligi we milli ýörelgelerimize laýyk gelmegi baş wezipeleriň biri bolup durýar.

Hansoltan NURYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynyň täze formaty şowly başlady (makala)
Uly klublaryň kiçi hasaply ýeňişleri
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň we BSG-niň sebit direktorynyň duşuşygy geçirildi
Ženewada BSGG-niň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy