Durnukly ösüşi gazanmagyň ýolunda häzirki zamanyň iň kämil maglumat tehnologiýalary bilen hemmetaraplaýyn üpjün edilen ösen jemgyýeti kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň toplumlaýyn başlangyçlarynyň özenini düzýär. Şoňa baglylykda, Türkmenistanda bilim bermegiň ähli basgançaklaryna sanly bilim ulgamyny giňişleýin ornaşdyrmak işleri giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzda çagalar ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji gününde okuw üçin gerekli bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleri sowgat alýarlar.
Munuň özi ýaş nesiliň döwrebap tehnologiýalar bilen has ir we içgin tanyşmagyna hem-de geçýän okuw derslerini täsirli özleşdirmegine ýardam edýär.
Häzirki döwürde ähli bilim ojaklaryna sapak geçmegiň işjeň interaktiw usullary giňden ornaşdyrylýar.Interaktiw görnüşde sapak geçmek usuly has-da daşary ýurt dili öwredilende özüniň ýokary netijelerini berýär.Okuw sapaklary interaktiw usul arkaly guralanda geçilýän sapak manyly, gyzykly we netijeli bolýar.
Sapak okuwçylary, talyplary ýadatmaýar. Öwredilýän zatlar ýatda galyjy bolup, talyplaryň işjeňligini artdyrýar.Talyplarda öwredilýän zatlar bilen bilelikde täze tehnologiýalara, onuň giň mümkinçiliklerine bolan düşünjesi giňäp, döwrebap tehnologiýalaryň işleýşi, ondan peýdalanmagyň düzgünlerini ele alýarlar.
Okatmagyň dürli görnüşlerini özünde jemleýän bu usul talyplaryň akyl-aň derejesini kämilleşdirmegiň, ukyplarynyň artmagynyň iň bir ygtybarly usuly hökmünde öňe sürülýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän öwretmegiň interaktiw usuly talyp bilen mugallymyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli görnüşlerini ygtybarly üpjün edýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda okatmagyň interaktiw usulynyň berk binýadyny döredýän we giň maglumat goruny üpjün edýän ähli bilim ojaklarynyň sanly ulgamlaryny bir umumy tora birikdirmek işi ýurdumyzda üstünlikli dowam edýär. Şeýle hem umumy tora degişli maglumatlary ýygnamak boýunça alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär.
Bilim ulgamynyň sanly giňişligi döredilende dünýäniň ösen bilim ulgamlary bilen baglanyşdyrmak işlerine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny peýdalanmak arkaly okuw kitaplaryny elektron görnüşe geçirmek, her aýda talyplaryň bilimlerini barlamak üçin internet torunyň üsti bilen sowalnamalary almak, beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen elektron okuwlaryny ýola goýmak işleri sanly ulgamyň hyzmatlarynyň giňişleýin ulanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 20222052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklary kompýuter tehnologiýalary, multimediýa tagtalary, lingafon otaglary bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Bu üstünlikler ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ýeten sepgitleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim özgertmeleriniň esasynda ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatynyň täze belentliklere çykarylmagy netijesinde talyp ýaşlar söýýän hünärini saýlamak bilen, häzirki wagtda döwrebap bilim we kämil terbiýe alýarlar.
Döwran Annanepesow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.