Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär.
Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna hem-de Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär.
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan Goýum bank kartynyň görnüşi bellenen tertipde ylalaşylyp, bu görnüşli kart hyzmaty raýatlarymyza hödürlenildi. Şeýle hem, Türkmentelekom elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň raýatlara hödürleýän internet hyzmatlary üçin hasaplaşyklary ýurdumyzyň islendik künjeginden bankomatlaryň, Internet-bank we Mobil-bank ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde, online tertibinde amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy.
Nagt däl görnüşli tölegler barada ähli maglumatlar töleg geçirijiniň ykjam telefonyna SMS habary arkaly gelip gowuşýar.Internet-bank ýa-da Mobil-bank hyzmaty bilen müşderi islendik wagtda öz tölegleri barada maglumat bilen tanşyp bilýär. 2020-nji ýylda bank kart ulgamynda Internet-bank arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň pul möçberi 69 müň manada çenli ýetip, meýilnama 5 esse artygy bilen ýerine ýetirildi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ýurduň pul aýlanyşygyny kämilleşdirmek we nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, yzygiderli işler amala aşyrylýar.Olaryň hatarynda milli kartly töleg ulgamy boýunça elektron tölegleri geçirmegi ýola goýmak aýratyn orny eýeleýär.
Bu bolsa öz gezeginde ýurduň pul-karz ulgamyny kämilleşdirmäge, nagt däl hasaplaşygy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär.
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan raýatlarymyza döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça işleriň çäklerinde Maşgala bank karty taýýarlanylyp, işe goýberildi.Dolanyşyga girizilen Maşgala bank karty raýatlaryň Altyn asyr bank karty hasabyna birikdirilýän, bank kartyň goşmaça nusgasydyr we raýat bilen bilelikde onuň maşgala agzalarynyň şol bir wagtda peýdalanmagydyr.
Onuň maksady hasaplaşyk dolanyşygyny tizleşdirmek, töleg iberijiniň bankyndan tölegi kabul edijiniň bankyna geçirmek üçin sarp edilýän wagty tygşytlamakdan ybaratdyr.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we maliýe işinde maglumat we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň esasy sebäbini ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriniň ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda ynsan durmuşynyň özgermegine hem giň şertleri döredýänligi bilen düşündirmek bolar.
Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Hojamämmet ALÇEKOW,
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň Maglumat tehnologiýalary bölüminiň müdiri.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24102