Sankt-Peterburgyň gubernatory Aşgabatdaky türkmen-rus orta mekdebine taryh kitaplaryny sowgat berdi

Sankt-Peterburgyň gubernatory Aşgabatdaky türkmen-rus orta mekdebine taryh kitaplaryny sowgat berdi

Türkmenistanda saparda bolýan Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow şu gün Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebine baryp gördi.

Aleksandr Beglow mugallymlar bilen duşuşdy we mekdebe rus taryhyna degişli okuw kitaplaryny sowgat berdi diýip, Петербургский дневник habar berýär.

Gubernator mekdebiň Aşgabatdaky rus medeniýet merkeziniň möhüm wezipesini ýerine ýetirýändigini belläp, işgärlere rus bilim däplerini gorap saklandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Aşgabatdaky Puşkiniň adyny göterýän mekdebiň 2002-nji ýylda esaslandyrylandygyny bellemelidiris. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda täze bilim binasynyň açylyşy boldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly gubernatorlar Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar
5-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
28-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Arkadag şäherine ýokary baha berdi
Analiz: 11-nji fewral Türkmenistanda häkimiýeti geçirmek marafonynyň “hakyky” pellehanasymy?
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy $1 milliarddan gowrak boldy