Sankt-Peterburgdaky seýil bagyna şahyr Rasul Gamzatowyň ady dakylar

Sankt-Peterburgdaky seýil bagyna şahyr Rasul Gamzatowyň ady dakylar

Nusgawy awar şahyry Rasul Gamzatowyň doglan gününiň 100 ýyllygynyň baýramyna gabatlanyp, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki seýil bagyna ady dakylar. Ol şäheriň Kalinin etrabyna ýerleşýär diýip, RF-niň wise-premýeri Tatýana Golikowa habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Şahyryň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň 42-sini ýokary derejede geçirmek üçin ýörite guramaçylyk topary düzüldi. Esasy baýramçylyk dabaralary Gamzatowyň dogduk Watany Mahaçgalada hem-de Döwlet Kreml köşgünde geçiriler.

Öň Gamzatowyň 100 ýyllygyna bagyşlap, Russiýada Ak durnalar atly wişnýa sortunyň döredilendigi habar berlipdi.

Rasul Gamzatow 1922-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda doguldy. Onuň goşgulary dünýäniň onlarça diline terjime edildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Dagystan Awtanomiýasynda Guralan Hüjüm Sebäpli 1 Adam Tussag Edildi
Jeýhun“ tankeriniň kapitanynyň uly kömekçisi Serdar Nyýazmämmedow--deňizçiler nesliniň wekilidir
Rus kompaniýasy Türkmenistana deňiz syýahatçylygyna başlar
Mahaçgala bilen Türkmenbaşynyň arasynda parom gatnawyny dikeltmek planlaşdyrylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi
Täjirini we marşrudyny çalşandan soň, türkmen nebitiniň hazarüsti eksporty iki esse azaldy