Ozal habar berişimiz ýaly, 11-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet agzalary Arkadag şäherine baryp gördüler.
Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, şeýle-de Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda 2023 — 2027-nji ýyllarda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada çäreleriň Meýilnamasyna, Ýol kartasyna gol çekildi.
Beglow Arkadagyň iň döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly gurlan geljegiň şäheri bolandygyny belledi. Şeýle hem, Sankt-Peterburgyň Arkadag bilen ykdysadyýet, medeniýet, bilim we sport ugurlarynda hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy. Bu barada centralasia.news ýazýar.
Arkadag ylym we tehnologiýanyň soňky gazananlaryny göz öňünde tutup, häzirki zaman şäherini nädip gurup boljakdygyny görkezýär. Arkadagyň hasam gözelleşmegi we gülläp ösmegi üçin türkmen halky bilen tejribämizi paýlaşmaga taýýardyrys diýip, gubernator belledi.