Leningradyň Goranyş we gabaw Döwlet hatyra muzeýinde gabaw halkasynyň açylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenler Leningradyň goragynda atly medeni we bilim çäresi geçirildi. Bu barada LenTV24 web sahypasynda habar berildi.
Çärede 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň harby we zähmet üstünlikleri hakyndaky ýatlamalara aýratyn orun berildi.
Türkmenistan gabawa düşen Leningradyň azat edilmeginde we Beýik Watançylyk urşunda möhüm orun eýeledi. Şol döwürde rus we türkmen esgerleri egin-egne berip, parahatçylyk ugrunda göreşdiler diýlip, habarda aýdylýar.
Çärede uruş döwründe Türkmenistandan nijeme adamyň fronta gidendigi, olaryň ýarysyndan gowragynyň meýletinçilerdigi nygtaldy. Aýdogdy Tahyrow ýaly milli gahrymanlaryň edermenligi hatyralandy. Şol ýyllarda tylda gaýrat görkezen türkmen zenanlarynyň hem tarypy ýetirildi. Urşuň gözli şaýady bolan uruş we zähmet weteranlarynyň ýatlamalary diňlenildi.
Halklaryň arasyndaky ýakyn gatnaşyklar şu güne çenli dowam edýär. 2022-nji ýylyň iýunynda Moskwada Russiýanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň arasynda duşuşyk geçirilip, netijede ýurtlaryň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama gol çekildi.