
Hytaýyň Şanhaý halkara porty geçen 2022-nji ýylda koronawirus pandemiýasyna garamazdan, 13-nji gezek dünýäde iň köp konteýner ýüklenen port boldy. Bu barada portuň operatory Shanghai International Port Group (SIPG) kompaniýasynyň maglumatlarynda aýdylýar diýip, Belta.by saýty ýazýar.
Habarda portuň 2022-nji ýylda ýük dolanyşygynyň ýigrimi futluk ölçegde (TEU) 47,3 million sany konteýnerden hem agandygy bellenýär. Port Şanhaýyň halkara gämi gatnawy merkeziniň dyngysyz işini, şeýle-de ählumumy önümçilik-üpjünçilik zynjyrynyň durnuklylygyny üpjün etdi.
2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde koronawirus ýokanjy möwjände, portuň konteýner dolanyşygy eýýäm iýul aýynda okgunly dikeldi, bir aýyň içinde TEU-konteýnerleriň rekord derejesi, ýagny 4,3 million sanysy işlenildi.