“Şanhaý SIPG” ýarym finalyň bosagasynda

AFK Çempionlar ligasynda çärýek finalyň 1-nji oýunlary oýnaldy.Iki hytaý topary “Şanhaý SIPG” bilen “Guançžou Ewergrandyň” arasyndaky duşuşykda ýer eýeleri 40 hasabynda ýeňiş gazandy.Halkyň 1 gol (39 p) geçirip, 2 goluň-da pasyny beren oýnunda Wan Şençao (45+1) bilen Wu Lei (62, 65) tapawutlandy.

Iki ýapon toparynyň özara duşuşygynda-da “Kawasaki Frontal” “Urawa Red Daýmondsdan” 31 hasabynda üstün çykdy (Kobaýaşi 33, 85, Elsinio 50 Muto 76).Eýranyň “Persepolisi” bilen Saud Arabystanynyň “Al-Ahli” klublarynyň oýnunda ýeňiş gazanan bolmady.

Myhmanlar 2-nji we 58-nji minutlarda Al-Soma hem-de Leonardonyň gollary bilen öňe saýlandy.Soňlugy bilen, ýer eýeleri Halilzadeh (71) we Menşanyň (84) gollary bilen hasaby deňlemegi başardy.

BAE-niň “Al-Ain” topary bilen Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” klubunyň arasyndaky oýundan welin, gol sesi çykmady. Çärýek finalyň jogap duşuşyklary 111213-nji sentýabrda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

“Szýansu Suningiň” ilkinji çempionlygy
Hawi hem-de Kannawaronyň toparlary ýaryşy dowam edýär
Çärýek finalyň birinji oýunlary
“Şanhaý SIPG”-iň ilkinji çempionlygy
Transfer täzelikleri
Şanhaýyň porty 2022-nji ýylda dünýäde iň köp konteýner ýükledi