Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyn 24-nji liderler sammiti Gazagystanyň paýtagty Astanada öz işine başlady.
Astanadaky Garaşsyzlyk köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilýän sammite Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahman, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, Eýranyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetirijisi Muhammed Muhbir, Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmanýam Žaýşankar, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen ŞHG-nyň Baş sekretary Çan Min gatnaşýar.
Metbugta ýapyk häsiýetinde geçirilýän sammite Prezident R. T. Erdogan hem gatnaşýar.
ŞHG+formatynda geçirilýän sammitinde liderler ilki Belarusyň gurama agzalyga kabul edilmegi baradaky karara gol goýdy. Şeýlelikde Belarus ŞHG-nyň 10-njy agzasy boldy.
Prezident Erdoganyň ŞHG-nyň liderler maslahatynda çykyş etmegine garaşylýar.
Maslahatyň ahyrynda Hytaý ŞHG-nyň döwürleýin ýolbaşçylygyny Gazagystandan kabul edip alar.