Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady

Dünýäniň iň uly awtoulag sergileriniň biri hasaplanýan Şanhaý halkara awtoulag sergisi açyldy. 28-nji aprele çenli dowam etjek sergä dünýäniň iri kompaniýalarynyň onlarçasy gatnaşýar. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý sebäpli esasy halkara çäreler, şol sanda awtoulag sergileri hem onlaýn görnüşde geçirilipdi.

Emma bu sergi ozalkylary ýaly adaty usulda geçirilýär.Sergide öňdebaryjy brendleriň ählisi diýen ýaly öz täze elektroulaglaryny görkezýär.Bu ulaglaryň bir gezekki zarýady bilen has uzak aralyga gidip bilýändigi bellärliklidir.

Indi diňe şäher içinde sürmäge niýetlenen, bir zarýady bilen 150-250 km aralygynda ýol geçýän däl, 600-700 km-den uzak aralygy gidýän ulaglary görmek bolýar.

Hytaýyň “Hengchi 1” ulagynyň “Mercedes”-iň premium derejedäki elektrokary EQS bilen güýçli bäsdeş boljakdygy bellenilýär. Ozal has arzan elektroulaglary öndürýän hytaý brendleri hem kuwwatly ulaglary taýýarlap başladylar.

“Geely” kompaniýasynyň garamagyndaky “Zeekr” brendi bu ugurda dünýäniň öňdebaryjysy hasaplanýan “Tesla” bäsdeş hökmünde taýýarlanypdyr. Brendiň ilkinji modeli “Tesla”-nyň “Model 3” ulagy bilen hytaý bazarynda ýaryşar.

Nemes brendiniň “BMW iX SUV” ulagy giň kabinasy bilen öňe saýlanýar.Bir gezekki zarýady bilen 480 km ýol geçip bilýän ulagyň köp ýeri plastmassadan we beýleki dürli materiallardan öndürilipdir. “Mercedes”-iň EQS modeli bolsa bir gezekki zarýady bilen 700 km-den gowrak ýol geçýär. Şeýle hem nemes brendiniň C Seriýasyna degişli ulagyň hytaý bazaryna niýetlenen has uzyn görnüşi sergä getirilipdir.

Hytaýyň “Xpeng” kompaniýasynyň P5 atly sedan görnüşli ulagy lidar tehnologiýasy bolan ilkinji köpçülikleýin öndürilen ulag boldy. Kompaniýa täze ulagyň bu tehnologiýa arkaly Guançžoudan Pekine çenli 3675 kilometr aralygy awtopilot bilen gidendigini belleýär.

Ýaponiýanyň “Honda” kompaniýasy hytaý bazary üçin işläp taýýarlan “SUVe” ulagyny görkezdi. 2022-nji ýylyň ýaz aýlarynda satuwa çykaryljak ulag HRV ulagynyň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşidigi bellenildi.

Amerikan “Ford” kompaniýasy “Evos” atly täze modelini tanyşdyrdy. Bu model amerikan kompaniýasynyň “Coupe-SUV” görnüşindäki ilkinji ulagy bolar.

SAIC-GM komsorsiumynyň öndüren “Wuling Hogguang Mini” ulagy geçen ýyl 4 müň 230 dollardan hytaý bazaryna hödürlenipdi. Bir gezekki zarýady bilen 160 km ýol geçýän ulagdan diňe sentýabr aýynda 20 müňden gowragy satyldy. Şeýlelikde bu görkeüiji ýerlenen ulagyň sany hasaba alnanda, “Model 3”-den iki esse ýokary boldy.

Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy birbada birnäçe elektroulag modelini taýýarlaýar. Bu ugurda baý tejribesi bolan brend golaýda “Beyond Zero” atly seriýasynyň ilkinji ulagyny tanyşdyrypdy. “Toyota bZ4X” 2022-nji ýylda global bazara hödürlener.

Şanhaý sergisinde “Hongqi L-Concept” atly nusgalyk ulag hem görkezildi. Dolandyryjy ruly ýok bolan ulag lýuks sedanlar bilen bäsleşer. Içi-daşy ýokary tehnologiýany özünde jemleýän ulagyň 2023-nji ýylda öndürilip başlanjakdygy bellenilýär.

Ýene bir hytaý brendi bolan “Nio” “ET7” atly ulagyny görkezdi. Bu ulagyň adamlaryň “ikinji öýi” boljakdygy aýdyldy. Rahatlygy bilen tapawutlanýan ulagda 33 sensor, 11 ýokary durulygy bolan kamera göz öňünde tutulypdyr.

“Xpeng” kompaniýasy daşky şekili drona meňzeýän “Heitech flying vehicle” ulagyny tanyşdyrdy. “Alibaba” kompaniýasynyň goldaw bermeginde çykarylan uçýan ulagyň geljekde kartografiýada ulanylmagyna garaşylýar.

The post Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Geely özüniň iň kiçi awtomobilini hödürledi
Elektroulag satuwyny 5 esse artdyrdy
“Toyota Crown” modeli tanyşdyryldy
Iň geçginli elektroulag
Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Bäsdeşlerinden ozdy