Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançez NATO agza ýurtlara ýüzlenip eden çykyşynda, NATO-dan Ukrainada bolşy ýaly Gazada-da “agzybir we durnukly” çemeleşmegi talap etdi.
Sançez ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda guralan NATO-nuň Döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň Sammitine gatnaşdy.
Ispaniýanyň hökümetine degişli çeşmelerine esaslanylyp ispan metbugatynda çykan habarda Sançez NATO-nuň metbugata ýapyk maslahatyda sözlän sözünde; “Ukraina goldawymyzy ejizletjek iki strandartly çemeleşmekde günäkärlenmäliň. Tersine, Russiýanyň Ukraina hüjümlerine garşy eýlenen jebis we egilşiksiz pozisiýany Gaza üçin hem talap edýäris” diýendigi nygtalýar.
Sançez; “Raýatlarymyzyň ygrarly syýasy pozisiýa eýedigimize, iki standartlaryň ýokdugyna düşünmekleri möhüm. Halkara hukugyň tarapynda durýandygymyz üçin Ukrainany goldaýandygymyzy aýdýan bolsak, Gazada-da şeýle çemeleşeliň. Ukrainada halkara hukuga sarpa goýulmagyny talap edýän bolsak, Gazada-da oňa sarpa goýulmagyny talap edeliň” diýdi.