Sanawyň lideriniň möwsümdäki 6-njy ýeňşi

Moto GP boýunça möwsümiň 15-nji ýaryşy Indoneziýanyň Lombok adasyndaky “Mandalika” halkara trassasynda geçirildi. Ýaryşda 27 aýlawy “Ducati Lenovo” toparynyň italýan sürüjisi, sanawyň lideri Françesko Banaia ýeňiş gazandy. 41 minut 20,293 sekuntda pellehana gelen Banaia möwsümdäki 6-njy, karýerasy boýunça 17-nji ýeňşini baýram etdi.

Banaiadan 0,306 sekunt gijä galan “Aprilia” toparynyň ispan sürüjisi Mawerik Winýales 2-nji, 0,433 sekunt soň pellehana gelen “Monster Energy Yamaha” toparynyň fransuz sürüjisi Fabio Kuartararo 3-nji ýeri eýeledi. Çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp barýan “Ducati Prima Pramac” Horge Martin 12-nji aýlawda awariýa bolup, ýaryşy dowam etdirip bilmedi.

Umumy sanawda 3-nji orunda barýan Marko Bezzekki bolsa ýaryşy 5-nji orunda tamamlady.

Esasy ýaryşdan 1 gün geçirilen sprint bäsleşiginde Horge Martin 1-nji, “Mooney VR46 Racing” toparynyň italýan sürüjileri Luka Marini bilen Marko Bezzekki 2-3-nji orunlary eýelediler.

Möwsümiň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda, Banaia 346 utuk bilen sanawyň başyny çekýär. 2-nji ýerdäki Horge Martiniň 328, 3-nji basgançakdaky Bezzekkiniň 283 utugy bar.

Möwsümiň 16-njy ýaryşy 22-nji oktýabrda Awstraliýanyň Fillip adasynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, sanawyň lideri üýtgedi
1-nji orna çykaran ýeňiş
Täze çempion
Birinji orna çykaran ýeňiş
Soňky 2 ýaryşdan öň aratapawut 14 utuk
Täze çempion