Forbes žurnaly ABŞ-nyň iň gurply adamlarynyň täze sanawyny mälim etdi.Sanawda Ilon Mask ilkinji gezek öňdäki orna çykdy. Şeýle hem bu ýylky sanawda ilkinji gezek işewürleriň umumy baýlygynyň azalandygy hasaba alyndy.
Sanawda jemi 400 işewüriň ady bar. Žurnal şeýle sanawy 41-nji gezek ýaýradýar.Birinji orundaky Maskyň baýlygy geçen ýyldakydan 60 milliard dollardan gowrak artypdyr.Mundan ozal Amazon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos dört ýyl yzly-yzyna bu sanawda birinji bolupdy.
Maskyň ýokary çykmagynda Tesla kompaniýasynyň paýnamalarynyň 11 göterim artmagynyň täsiri uly bolupdyr.Işewür kosmos we beýleki ugurlarda hem iş alyp barýar.Amazon kompaniýasynyň paýnamalary bolsa 27 göterim azalyp, ikinji ýere düşüpdir. Üçünji orny uzak ýyllaryň dowamynda dünýäniň iň baý adamy bolan Bill Geýts eýeläpdir.
Haýyr-sahawat işlerine köp mukdarda maýa goýberýän Geýts bu ýyl hem öz adyny göterýän gazna 20 milliard dollar beripdir.Sanawyň başyndaky 20 adamyň jemi baýlygy 1,6 trillion dollara ýetýär.
Bu görkeziji umumy sanawdakylaryň baýlygynyň 40 göterimini emele getirýär.Facebook-yň esaslandyryjysy Mark Sukerberg geçen ýyl üçünji bolan sanawynda bu ýyl 11-nji orna düşüpdir.Geçen ýylky sanawa girenleriň umumy baýlygynyň 4,5 trillion dollar, bu ýylkynyň bolsa 500 milliard dollar az bolandygy mälim edildi.
Ýunus Abdullaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby