Italiýanyň merkezindäki tokaýlarda gizlenen San-Marino dünýäniň iň gadymy respublikasy hasaplanýar. 1700 ýyldan gowrak wagt bäri garaşsyz bolan bu kiçijik ýurt taryhy ýerleri, owadan tebigaty we medeni baýlyklary bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekýär.
Italiýanyň ortasynda, Adriatik deňziniň golaýynda ýerleşýän, iki müň ýyllap garaşsyzlygyny saklap gelýän San-Marino meýdany babatda dünýäniň iň kiçi üçünji ýurdudyr. Ýurduň tutýan meýdany 61,19 inedördül kilometr bolup, 35 müňden gowrak ilaty bar. Ilatyň esasy bölegi italýança gepleşýär. Ýaşuly ilatyň arasynda romagnol şiwesi hem ulanylýar. Ýurduň adybir paýtagtynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýerler bar.
301-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda resmi taýdan esaslandyrylan bu ýurt taryhyň dowamynda birnäçe öwrülişikleri başdan geçirýär. 1862-nji ýylda Italiýanyň gol çekmegi we razylygy bilen şäher döwleti aýratyn ýurt hökmünde ykrar edilýär.
San-Marino Monte Titano töwereginde, Emiliýa-Romagna we Italiýanyň Marçe sebitleriniň arasynda ýerleşýär.Bu ýurda Rimini şäherinden 20 minutda, Boloniýadan 2 sagatda baryp bolýar.Monte Titano, Guaita, Çesta depeleri ýurduň esasy simwollary hasaplanýar.
Bu üç depäniň üstünde taryhy galalar ýerleşip, ýurda barýan syýahatçylaryň esasy gezelenç edýän ýerleridir.Esasan hem, taryhy Marino şäheri ýurduň esasy medeni we syýahatçylyk merkezi hökmünde tapawutlanýar.
Ýurduň ykdysadyýetinde esasy orny syýahatçylyk we oba hojalygy eýeleýär. Ýurtda üzümdir süýt önümleri has köp öndürilýär.San-Marino peýnirleri bilen tanalýar. Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmadyk ýurtda walýuta hökmünde ýewro ulanylýar.
San-Marinonyň şaýylyk teňňeleri hem syýahatçylaryň arasynda örän meşhurdyr. Ýurda gireňsoň pasporta ýelmenýän markalar syýahatçylar üçin iň gowy ýadygärlik hasaplanýar.Her ýyl ortaça 2 million syýahatçy barýan bu ýurda uçarly, gämili ýa-da otluly baryp bolmaýar.
San-Marino Rimini şäherinden ulagly ýa-da ýöräp baryp bolýar.Taryhy ýerleri we tebigaty söýüjiler üçin San-Marino iň gowy ýerleriň biridir.