Şamyrat Gurbanow Ýüpek ýoly rallisiniň dokuzynjy tapgyrynda ikinji orny eýeledi

Şamyrat Gurbanow Ýüpek ýoly rallisiniň dokuzynjy tapgyrynda ikinji orny eýeledi

15-nji iýulda Ýüpek ýoly rallisiniň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Umumy uzynlygy 773 kilometre deň bolan bu tapgyryň çäginde ýerleşen Wolgograd — Lipesk aralygy 2022-nji ýylda ýaryşyň iň kynçylykly bölegi hasaplanýar.

Dokuzynjy tapgyrda hem birnäçe gün bäri öňdeligi elden bermeýän russiýaly türgen, LADA Sport ROSNEFT toparynyň sürüjisi Dmitriý Woronow ýeňiş gazandy.Liderden ýarym sagada golaý soň pellehana gelen türkmenistanly Şamyrat Gurbanow ikinji ýeri eýelän bolsa, üçünji ýer ýene bir ildeşimiz Merdan Toýlyýewe nesip etdi. Ýeri gelende bellesek, Şamyrat Gurbanow dokuzynjy tapgyrda Merdan Toýlyýewden bir minut öň pellehana gelip, ýolsaýlamazlaryň arasyndaky ýaryşyň umumy jedwelinde aratapawudy 7 minuta çenli artdyrdy.

Ýüpek ýoly rallisiniň tamamlaýjy tapgyry Lipesk—Moskwa ugry boýunça geçiriler. Ahyrky tapgyrda ýoluň umumy uzynlygy 513 kilometre deň bolar. Şonuň 118 kilometri ýörite bölekdir.

16-njy iýul güni agşam Moskwadaky Lužniki Olimpiýa toplumynda Ýüpek ýoly rallisiniň 2022-nji ýyldaky ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Belarusiýadan we Türkiýeden öz raýatlaryny alyp gaýtmagy meýilleşdirýär, bilim hakynda resminamalary tassyklatmak üçin kabul ediş nokadynyň salgysy üýtgedildi, Türkmenawtoulaglary agentligi IT tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaş gözleýär
Ildeşlerimiziň ralli ýaryşyndaky üstünligi
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy
Merdan we Şöhrat Toýlyýewlere Nissan Pathfinder sport awtoulagy sowgat berildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda