Samsung-yň üçünji çärýekde operasion girdejisi 28% ýokarlandy

Samsung-yň üçünji çärýekde operasion girdejisi 28% ýokarlandy

Dünýäde iň uly smartfon we ýarym geçiriji önümleri öndüriji Günorta Koreýanyň Samsung Electronics Co. kompaniýasy 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde operasion girdejisiniň ösüşini 28% diýip hasaplaýar. Bu barada finmarket.ru habar berýär.

Deslapky hasaplamalara görä, 30-njy sentýabrda tamamlanan çärýegiň jemi boýunça operasion girdeji 15,8 trln Günorta Koreýa wonasyna (takmynan, 13,3 mlrd dollar) barabar boldy diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar. Geçen ýylyň üçünji çärýeginde kompaniýanyň operasion girdejisi, takmynan, 12,35 trln wona boldy.

Deslapky hasaplamalar boýunça, Samsung-yň girdejisi 9% ýokarlanyp, 73 trln wona ýetdi. S&P Global Market Intelligence tarapyndan sorag edilen analitikler operasion girdejini ortaça 73,4 trln wona girdejide 15,7 trln wona derejesinde çakladylar.

Samsung geljek üç ýylyň dowamynda maýa goýumlaryň möçberini üçden birine, 205 mlrd dollara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär, bu kompaniýanyň mikroshemalaryň önümçilik pudagynda lider bolmak islegi bilen baglanyşyklydyr. Kompaniýa üçünji çärýek üçin gutarnykly hasabaty şu aýyň ahyrynda çykarar.

Samsung-yň paýnamalarynyň bahalary anna güni geçirilen söwdanyň jemi boýunça üýtgemedi. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 11,6% ýokarlanyp, takmynan, 479,2 trln wona barabar boldy.

Ýene degişli makalalar

Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy
Startapa maýa goýdular
Türkmenistan Ählumumy asudalyk indeksinde ýokary galdy
Hünärmenler 2021-nji ýylda ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawyny düzdüler
Ýaşamak üçin amatly şäherler
“Time” žurnaly ilkinji gezek iň abraýly kompaniýalaryň TOP-100-ni hödürledi