Samsung-yň täze akylly sagatlarynyň suratlary peýda boldy

Samsung-yň täze akylly sagatlarynyň suratlary peýda boldy

Jemgyýetçilik torlarynda täze Samsung Galaxy Watch4 akylly sagatlarynyň ilkinji suratlary peýda boldy.

Täze sagatlaryň tanyşdyrylyş dabarasy 11-nji awgustda meýilleşdirilýär. Goýlan suratlarda gara we kümüşdäki Galaxy Watch4 görkezildi. Olarda fiziki aýlanýan bezeg we sag tarapda iki düwme bar.

Täze modeliň esasy aýratynlygy Google, Samsung we Fitbit tarapyndan bilelikde işlenip düzülen täze Wear OS bolar. Samsung Galaxy Watch4 Classic-iň üç ululykda ― 42, 44 we 46 millimetr ululykda boljakdygy habar berildi. Sagat 1,5 gigabaýtlyk RAM we 16 gigabaýtlyk Exynos W920 ýat bilen üpjün ediler.

Ýene degişli makalalar

Samsung Galaxy Watch akylly sagatlary indi başga planetalardaky wagty hem görkezýär
Üçünji çärýegiň jemi boýunça Apple-iň akylly sagatlaryň bazaryndaky paýy 10% azaldy
Apple 2021-nji ýylyň iň gowy oýunlaryny we programmalaryny yglan etdi
4-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Täze enjamlaryny tanyşdyrdy
Meşhur filmiň 2-njisi 18 ýyldan soň surata düşüriler
Sportuň taryhynda şu gün 23-24-nji dekabr