Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy 2023-nji ýylyň tomsunda Wýetnamda ýarym geçirijileriň önümçiligini işe girizer. Bu barada Wýetnam hökümetiniň maglumatlaryna salgylanyp, “Nikkei Asia” ýazýar. Muny regnum.ru ýetirýär.
Kompaniýa Wýetnamyň demirgazyk welaýaty Thaýnguende integral mikroshemalar üçin aşagyna goýulýan materiallary öndürjek Samsung Electro-Mechanics Vietnam zawodyny gurýar.Häzirki wagtda kärhana synag önümçiligi tapgyryndadyr.Tapgyrlaýyn önümçilige başlamak 2023-nji ýylyň iýul aýyna meýilleşdirilýär.
Wýetnamda eýýäm Samsung-yň birnäçe kärhanasy, şol sanda durmuş elektronikasyny we smartfonlary ýygnamak boýunça meýdançalar işleýär.Täze kärhananyň işe girizilmegi Samsung-yň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmaga tarap ýene bir ädimi bolar. 2022-nji ýylyň başynda kompaniýanyň Wýetnamda ýarym geçiriji gurluşlaryň önümçiligine 2 mlrd dollardan gowrak maýa goýýandygy habar berildi.
Mikroshemalar üçin aşagyna goýulýan materiallardan başga-da, täze meýdançalarda mobil gurluşlar üçin bölekler, şol sanda wideokamera modullary we linzalar öndüriler.