Samsung we Sony ABŞ-dan Huawei ygtyýarnamasyny aldy

Samsung we Sony ABŞ-dan Huawei ygtyýarnamasyny aldy

Reuters we Financial Times gazetleriniň habaryna görä, Samsung we Sony şereketleri ABŞ-dan Huawei kompaniýasy bilen söwda etmeklik üçin ygtyýarnama aldy.

Samsung şereketi babatynda bu ygtyýarnama diňe kompaniýanyň displeý önümçilik bölümi bolan Samsung Display üçin güýje girýär.

Sony kompaniýasy bolsa, indi özüniň öndürýän kamera sensorlaryny ABŞ-dan alan ygtyýarnamasy bilen Huawei şereketine satyp biler.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Intel kompaniýasy-da ABŞ-dan Huawei şereketi bilen işleşmeklik üçin ygtyýarnama aldy.

Ýöne, ABŞ-dan alnan bu ygtyýarnamalaryň Huawei şereketini näçe wagtlap aýaga galdyryp biljekdigi heniz belli däl.

Ýene degişli makalalar

Eplenýän telefonlaryň meşhurlygy artýar
Iň meşhur eplenýän smartfonlar belli edildi
Ilkinji süýnýän displeý
Ilon Mask Twittere ýolbaşçy boldy
Ýaponiýa bilen Beýik Britaniýanyň arasynda harby hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk baglaşylar
“Financial Times”: 2022-nji ýylyň iň täsirli zenanlary
Stoltenberg: "Russiýa Ukrainada çaknyşygy doňdurmaga synanyşýar" diýdi