Samsung telewizorlaryň täze neslini hödürledi

Samsung telewizorlaryň täze neslini hödürledi

Samsung 2021-nji ýylyň täze MICRO LED we Samsung Neo QLED telewizorlaryny tanyşdyrdy. Bu barada news.samsung.com ýazýar.

Kompaniýa MICRO LED tehnologiýasynyň ýokary ýagtylygy, doýgun gara reňki we ýokary şekil hilini üpjün edýändigini aýtdy.Organiki däl yşyk-diodly indikatorlar telewizoryň ýanmagynyň öňüni alýar. 2021-nji ýylda Samsung MICRO LED tehnologiýaly adaty telewizorlary çykardy.

Olar 110 we 99 dýuým ululykda bolar we mart aýynyň ahyrynda satuwa çykarylar.Ondan biraz soňrak - güýzde 88 dýuým, soň bolsa 76 dýuým diagonally modeller peýda bolar.Bu telewizorlarda bir ekranda birbada dört zada tomaşa edip bolar.

Telewizorlaryň ýene bir ugry - Neo QLED.Olarda adaty yşyklandyryjylardan 40 esse az ýer tutýan täze “Kwant Mini” yşyk-diodly lampalary ulanylýar.Ol hem ýokary ýagtylygy, doýgun gara reňki üpjün edýär.

Mundan başga-da, Samsung Neo QLED we QLED telewizorlary Xbox Series X-e hem gabat gelýär. 2021-nji ýylda 65, 75 we 85 dýuým diagonally Samsung Neo QLED 8K modelleriniň (QN800A we QN900A) satuwy başlar. Şeýle hem 50 dýuýmdan 4K telewizorlary (QN90A we QN85A) çykarylar.

Ýene degişli makalalar

Bossan Concept we Saloni.tm dükanlaryna yşyklandyryş enjamlarynyň täze toplumlary gelip gowuşdy
Üsti açylýan krossower: 999 sanysy öndüriler
Güýçli elektrowelosiped öndürdi
Pessaý şemaldan energiýa öndürmegiň usuly oýlanyp tapyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan dürli maksatly plastik kartlaryň önümçiliklerini ýola goýmagy maksat edinýär
Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldilýär, Onlaýn taksi gullugynyň ulaglar parky täze Toyota Corolla kysymly ulaglar bilen üpjün edildi, Aşgabatda höwesjeňleriň arasynda ilkinji tennis çempionaty geçiriler