Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy

Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy

Samsung Electronics kompaniýasy halkara bazary üçin täze Galaxy A04 smartfonyny hödürledi.

Smartfon elýeter bahaly modeldir, onuň esasy artykmaçlygy batareýasynyň göwrümliligidir.Galaxy A04-e HD+ razreşeniýeli (720 x 1600 piksel) diagonaly bolan ŽK ekran, 5 Mp-lyk damjapisint kesikli frontal kamera, goşa esasy kamera (48 we 2 Mp), SoC Qualcomm Snapdragon 695, 15 Wt zarýad göterýän 5000 mA.s sygymly akkumulýator goýuldy. 4G LTE, Wi-Fi (802.11 a/b/g/n/ac, 2,4 we 5 GGs), Bluetooth 5.0-i göterýär, emma NFC moduly welin, göz öňünde tutulmandyr. Ölçegi 164,4 x 76,3 x 9,1 mm, smartfonuň agramy 192 gram.

Galaxy A04-e One UI Core 4.1 ýeňilleşdirilen daş görnüşli Android 12 operasion ulgam gurnalan.Ulanyjylara 4,6 we 8 GB OZU wersiýalary, şeýle-de 32, 64 we 128 GB fleş-ýat teklip ediler.

Resmi taýdan satylyp başlanjak möhleti we hödürlenjek bahalary heniz aýdylanok.

Ýene degişli makalalar

Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi
Täze enjamlaryny tanyşdyrdy
2022-nji ýylyň iň gowy android-smartfonlary kesgitlenildi
2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi