Samsung täze eplenýän smartfon oýlap tapdy

Samsung täze eplenýän smartfon oýlap tapdy

Samsung eplenýän we çekip çykarylýan ekrany bolan telefony oýlap tapdy. Bu barada “91Mobiles” neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Degişli patent Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) bazasynda ýüze çykaryldy. Resminamalara laýyklykda, enjamyň displeýi çekip çykarmaga mümkinçilik berýän gurluşy bar. Şeýle hem maýyşgak ekrany zerur bolan ýagdaýynda eplemek bolýar. Ýygnalan halatynda gurluş ykjam göwrüme eýe bolýar, ýöne açylanda ol planşet hökmünde ulanylyp bilner.

Žurnalistler koreý korporasiýasynyň inženerleriniň, ähtimal, şeýle gibrid dewaýsy ilkinji gezek döredendigini belleýärler. “Aýratyn gurluş uly ekrany wideo görmek we oýun oýnamak üçin ulanmaga mümkinçilik berer” diýip, awtorlar bellediler. Displeýiň çekilip çykarylmagyna öňki paneli itekleýän we açýan ýörite mehanizm jogap berýär.

Geljekki smartfon barada goşmaça maglumatlar aýan edilmeýär. Awtorlaryň aýtmagyna görä, patent WIPO-nyň bazasynda iýun aýynda peýda boldy, ýöne gurama ony ýylyň ahyrynda neşir etdi. Žurnalistler enjamyň aýratyn gurluşy heniz patent almak tapgyrynda diýen netijä geldiler.

Ýene degişli makalalar

Asman giňişliginde Gün energiýasyny ýygnar
Gallam bar tyllam bar
Galla oragy möwsüminde 2 müň 64 sany däne ýygýan kombaýn işlediler
Daşoguzly telekeçi zenan 434 gektar ýerden 8 müň tonna golaý ýeralma aldy
NASA Mars planetasynda ýazylan sesleri köpçülige çykardy
Daşoguzda gektar başyna 15 sentnerden mäş hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär