“Samsung” täze “akylly” smartfonyny tanyşdyrdy

“Samsung” täze “akylly” smartfonyny tanyşdyrdy

Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýasy täze “akylly” monitorlaryny tanyşdyrdy. “Samsung Smart Monitor” atly model “kompýuter üçin smart telewizor” diýlip atlandyrylypdyr. “Tizen” amaly ulgamynda işleýän monitory kompýutere birikdirmezden hem käbir zatlar üçin ulanyp bolýar.

Modeliň M5 we M7 atly iki görnüşi bar.M5 modeli Full HD durulygynda bolup 27 we 32 dýuým ölçegindäki görnüşleri bar.M7 nusgasy bolsa, 4K durulygynda bolup, ululygy 32 dýuýma deň.

Telewizor bolandygy sebäpli uzakdan dolandyryjy enjamy hem bolan model arkaly “Apple TV”, “Disney+” , “Netflix”, “Prime Video” we “YouTube” ýaly programmalardan we serwislerden peýdalanyp bolýar. “Wi-Fi 5”, “AirPlay 2” we “Bluetooth 4.2” ýaly tehniki aýratynlyklary bolan telewizorda sesli kömekçi hem bar.

Geçirijisiz DeX arkaly smartfonlary hem bu ekrana birikdirip, kompýutere öwrüp bolýar. “USB-C” we beýleki standart portlar bilen üpjün edilen monitoryň bahasy 230, 280 we 400 dollar.

Ýene degişli makalalar

Sumbar Computer dükanynyň hünärmenleri monitor saýlamak boýunça maslahat berdiler
240 Gs displeýli Redmi monitory hödürlendi
Arzan bahalysyny çykarar
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Dünýäde iň ýeňil noutbuk çykaryldy
Ýylyň iň köp girdeji gazanan 10 filmi