Samsung smartfonlaryna bütin dünýäde isleg azalýar

Samsung smartfonlaryna bütin dünýäde isleg azalýar

2023-nji ýylda Samsung kompaniýasy 230-dan 240 milliona çenli smartfonyny satyp biler, bu meýilleşdirileninden 40-30 million birlik azdyr. Bu barada PhoneArena seljeriş neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

PhoneArena neşiriniň maglumatlaryna laýyklykda, Samsung heniz hem dünýäde iri smartfon öndüriji bolmagynda galýar we bu ugurda özüniň esasy bäsdeşi bolan Apple kompaniýasyndan has öňde durýar. Emma muňa garamazdan, ol özüniň müşderilerini çalt ýitirýär.

Mysal üçin, şu ýylyň ikinji çärýeginde kompaniýa bazara 55 million eltelefonyny ýerledi, bu ýanwar-mart aýlary aralygyndakydan (61,5 mln birlik) we 2022-nji ýylyň ikinji çärýegindäkiden (62,5 mln birlik) görnetin azdyr.

Bu iri önümçilikçiniň 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 240 million sany smartfon satmagyna garaşylýar, bu görkeziji kompaniýanyň 270 million birlige deň bolan deslapky meýilnamasyndan ep-esli azdyr.

Deňeşdirmek üçin, Samsung 2022-nji ýylda 260 mln smartfon satdy, hatda 2020-nji agyr pandemiýa ýylynda hem kompaniýa 250 million smartfony bazarda ýerlemegi başarypdy.

PhoneArena neşiri Samsung kompaniýasynyň eltelefonlarynyň söwdasynyň pese gaçmagynyň sebäpleri hökmünde onuň Galaxy S23 kysymly, şeýle hem býujet we orta synpdaky Galaxy A kysymly smartfonlaryna ählumumy islegiň peselmegini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Samsung smartfonlarynyň täze tapgyryny AI Phone diýip täzeçe atlandyrmagy mümkin
2022-nji ýylyň iň gowy telefonlary
Bill Geýts haýsy smartfony halaýandygyny aýtdy
“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
GDG Ashgabat düzüjiler festiwalynyň “DevFest'2024” çäresi geçiriler