Samsung şereketi Hindistanda smartfon ekranlaryny öndürip başlady

Samsung şereketi Hindistanda smartfon ekranlaryny öndürip başlady

Samsung şereketi Hindistanda smartfon ekranlarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Economic Times gazetinde beýan edilýär. Bu kompaniýa häzirki wagtda Hytaý, Wýetnam we Günorta Koreýa ýaly ýurtlarda telewizor, smartfon we planşet üçin matrisalaryň 70 göterimini öndürýär.

Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi şu ýylyň aprel aýynda Hindistanyň Noýda şäherinde smartfonlar üçin ekran öndürip başlady. Bu önümçilik Hindistanyň Samsung şereketine displeý zawodyny öz ýurdunda işe girizip bilse, maliýe höweslendirişini hödürleýändigi baradaky habarlar peýda bolanyndan birnäçe aý soň ýola goýuldy. Çünki, Hindistanyň Hökümeti ýurdy dünýä önümçilik merkezine öwürmek üçin köp çäreleri görýär.

Ýakynda Hindistan ýurtda önümçiligi höweslendirmek üçin 1,02 milliard dollar bölüp berdi.Häzirki wagtda Hindistanyň Hökümetiniň ýurda prosessor öndürijilerini çekmäge-de synanyşýandygy barada habar berilýär.Samsung şereketi bolsa displeý önümçiligini Hytaýdan Hindistana geçirmeklik üçin 653 million dollar maýa goýdy.

Mundan başga-da, bu kompaniýa bäş ýyllap bu taslamany goldamaklyk üçin Hindistan Hökümetinden 34 million dollar, şeýle hem Elektron komponentleri we ýarymgeçirijileri höweslendirmek merkeziniň maksatnamasyndan 62 million dollar alar.

Ýakyn wagtda Samsung şereketi Hindistanda displeý önümçiligini giňelder diýlip garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Hindistan smartfonlaryň eksportyny artdyrdy
Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?
СООБЩЕНИЕ ДЛЯ СРЕДСТВ МАССОВОЙ ИНФОРМАЦИИ
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hindistanyň ady üýtgär
Индия решила сменить название
The Economic Times: Zeminde täze umman döräp biler