Samsung lukmançylyk taýdan ulanmak üçin çeýe displeýleri döretdi

Samsung lukmançylyk taýdan ulanmak üçin çeýe displeýleri döretdi

“Samsung Electronics” kompaniýasy fotopletizmografiýa (PPG) datçigi bilen çeýe OLED displeýleri döretdi. Netijede ýürek urşuny ölçemek we degişli görkezijini görkezmek üçin iň ýönekeý enjam peýda boldy.

Bu çeýe displeý bilege aňsatlyk bilen birikdirilip, ýürek urmasyny we beýleki biometrik maglumatlary anyp berip bilýär. Mundan başga-da, bu enjam doly güýjünde işlemegini dowam etdirip, adaty ululygynyň 30 göterimine çenli uzalap biler. Ekrany sensor bilen yzygiderli 1000 gezek uzatmak synagy hem displeýe hiç hili ýaramaz täsir etmezden geçdi.

Geljekde bu innowasiýa ösüşi, ähli ýaş toparlaryndaky hassalar üçin, şeýle hem käbir keselleri bolan adamlar üçin dakynylýan lukmançylyk enjamlarynda ulanylyp bilner. Bu barada 3dnews.ru habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy
Samsung 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda täze önümlerini tanyşdyrar
Ekran önümçiliginde hyzmatdaşlygyny artdyrýar
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
Äpet ekrany satuwa çykardy
“Samsung” aňrybaş täze telewizor çykardy