Samsung Galaxy smartfonlarynyň çygdan goraglylygy barada ýalňyşlyga getirýän mahabaty ýaýradandygy üçin 9,7 mln dollar möçberinde jerime tölär. Bu barada Awstraliýanyň bäsdeşlik we sarp edijileriň hukuklaryny goramak boýunça komissiýasynyň metbugat relizinde aýdylýar diýip, gazeta.ru habar berýär.
Edaranyň bellemegine görä, Samsung 2016-njy ýylyň mart aýyndan 2018-nji ýylyň oktýabr aýy aralygynda dokuz sany mahabat materialyny çykardy we olarda kompaniýanyň smartfonlarynyň basseýnlerde we deňizde ulanmak üçin laýykdygy aýdylýar.
Mahabat kampaniýalary Facebook-da, Twitter-de, Instagram-da, kompaniýanyň saýtynda we dükanlarda geçirildi.Gözegçilik edarasy suwda ulanylandan soň telefon bilen bagly näsazlyklaryň ýüze çykandygyny tassyklaýan ulanyjylaryň ýüzlerçe arzasyna garady.
Käbir ýagdaýlarda gurluşlar işlemegini düýbünden bes etdi.Samsung-yň Awstraliýadaky bölümçesi smartfony basseýne ýa-da deňiz suwuna çümdürseň, zarýad beriji üçin bölek ýeriň korroziýa sezewar bolup, işlemegini bes edip biljekdigini boýun aldy.
Belli bolşy ýaly, bu näsazlyk diňe Samsung Galaxy S7, S7 Edge, A5 (2017), A7 (2017), S8, S8 Plus we Note 8 smartfonlaryna degişlidir.