Samsung kompaniýasy täze smartfon bilen mobil gurluşlarynyň assortimentiniň üstüni ýetirdi. Gürrüň Samsung Galaxy Quantum 3 smartfony baradadyr. Bu smartfon Günorta Koreýanyň bazaryna çykdy. Täze önümiň 22-nji aprelde başlajak satuwy bilen ýerli öýjükli aragatnaşyk operatory SK Telecom meşgullanar.
Galaxy Quantum 3 smartfony Full HD+ durulygy we 120 Gs kadr ýygylygy bolan 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED Infinity-O displeýi bilen üpjün edildi.Yzky panelde 108 MP, 8 MP, 2 we 2 MP datçikli dört bölekli kamera oturdyldy.
Frontal modulyň durulygy 32 MP.Dewaýsyň enjam platformasy MediaTek Dimensity 900 çipsetine esaslanýar.SoC 6/8 GB operatiw ýat we 128/256 GB fleş-ýat bilen bilelikde işleýär.
Smartfon 25 Wt çalt zarýady göterýän 5000 mA/s sygymly akkumulýator batareýasy bilen iýmitlenýär. Şeýle-de, ol gapdal tarapynda ýerleşýän barmak yzyny skanerleýjä, USB Type C portuna we NFC çibine eýedir.
Galaxy Quantum maşgalasynyň beýleki wekilleri ýaly, täze önüme maglumatlaryň goşmaça goragyny üpjün edýän tötänleýin sanlaryň kwant generatory (QRNG) birleşdirildi.