Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy ne Apple-de, ne-de beýleki iri elektron öndürijilerinde ýok bolan gajeti işläp taýýarlap başlady. Naver portalynyň habar berşi ýaly, wendor saglygyň görkezijilerine gözegçilik edýän akylly ýüzügi öndürmegi meýilleşdirýär.
Portalyň maglumatlaryna görä, koreý IT-ägirdi eýýäm akylly ýüzügi işläp taýýarlamaga girişdi.Samsung-yň oktýabr aýynda şonuň ýaly gurluş bilen bagly patent üçin sargytnama berendigini çeşmeler görkezýärler.Akylly ýüzükler — elektronikanyň täze görnüşi däl, munuň ýaly gajetler bazarda bireýýäm bar, ýöne häzirlikçe olaryň görnüşi köp däl, olary o diýen meşhur däl kompaniýalar öndürýär. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, ýüzüklere azyndan iki sany ýörite datçik oturdylan.
Olar eýesine ýürek urgusynyň görkezijisini, EKG-ni we ganyň kislorod bilen doýgunlygynyň derejesini surata düşürmäge mümkinçilik berer.Smartfon-ýüzügi Samsung-yň takmynan haçan goýbermek isleýändigi barada portalda heniz maglumat ýok.