
Samsung kompaniýasy Ýewropanyň Kosmiki agentligi bilen hyzmatdaşlykda Galaxy Watch akylly sagatlary üçin taýýarlan Galaxy Time siferblatyny tanyşdyrdy. Bu barada Rambler web saýty habar berýär.
Galaxy Time-yň kömegi bilen indi diňe bir Ýeriň däl-de, eýsem, Mars, Wenera, Ýupiter hem-de Gün ulgamynyň beýleki planetalaryndaky wagty hem bilmek bolýar. Siferblat mundan başga-da birnäçe peýdaly maglumatlary görkezýär:
- Planetalaryň aýlanyş tizligini hem-de olaryň Günden näçe aralyk uzakdadygyny;
- Her planetanyň hemrasyny we olaryň möwsümleriniň aýratynlyklaryny;
- Planetanyň Gün ulgamynda anyk ýerleşýän ýerini.
Galaxy Time Wear OS operasion ulgamly ähli Samsung Galaxy Watch akylly sagatlary, şol sanda Watch 4, Watch 6 hem-de Watch 7 sagatlary üçin elýeterlidir.