Samsung Galaxy S22-niň täze wersiýasy tanyşdyryldy

Samsung Galaxy S22-niň täze wersiýasy tanyşdyryldy

Samsung kompaniýasy öňdebaryjy Samsung Galaxy S22 smartfonynyň 800 amerikan dollary bahalandyrylýan Bora Purple reňkdäki täze wersiýasy bilen tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň aýtmagyna görä, benewşe iň islegli, şeýle hem Galaxy-niň däp bolan reňkidir: "Bu reňk özboluşlylygyň nusgasy, serhetleriň çägini giňeldýär we mydama açyklyk konsepsiýasynyň çäklerinde täzeçilligi ornaşdyrýar".Benewşe modeliň apparat şekilindäki durky edil beýleki reňkdäkileriňki ýalydyr.

Samsung Galaxy S22 şekili täzeleýiş tizligi 120 Gs bolan 6,1 dýumlyk diagonally AMOLED ekran, Samsung GN5-iň 50 megapiksellik esasy kamerasy, 12 megapiksellik aşa giň burçly we 12 megapiksellik teleobýektiwli (3X, OIS) kamera bilen enjamlaşdyrylandyr.

Esasy kamera we teleobýektiw şekiliň optiki durnuklylygyny saklaýar.Samsung Galaxy S22 öňdebaryjy birkristally Qualcomm Snapdragon 8 Gen 1 ulgamy, 3700 mA.s sygymly akkumulýator we tozandan, suwdan goraýan IP68 bilen enjamlaşdyrylan.

Ol 10-njy awgustda satuwa çykar.

Ýene degişli makalalar

Täze enjamlaryny tanyşdyrdy
Heniz çykmadyk Xiaomi 12 flagmany rekordlary täzeledi
Xiaomi bir minutda 35 müňden gowrak Mi Mix Fold smartfonyny satdy
Xiaomi 17 minutda zarýad alýan smartfony hödürledi
Samsung 11-nji awgustda täze smartfonlary, smart sagatlary we gulaklyklary hödürlär
Samsung kompaniýasy howpsuzlyk ulgamy güýçlendirilen Galaxy Quantum2 smartfony bilen tanyşdyrdy