Günorta Koreýanyň öňdebaryjy durmuş elektronikasyny öndürijisi Samsung Electronics özüniň Galaxy seriýasynyň smartfonlarynda film döretmek üçin birnäçe kino öndürijiler bilen şertnama baglaşdy. Bu barada Seulda kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.
Onuň maglumatlaryna görä, korporasiýa “Samsung flagman smartfonlaryny ulanyp, adamlary döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen” “Filmed with Galaxy” heştegi bilen sosial ulgamlarda uly kampaniýany başlatdy. Özüniň “Pride & Prejudice” (2005) kinofilmi bilen belli bolan britaniýaly režissýor Jo Raýt bu aksiýanyň ilkinji gatnaşyjysy boldy diýlip, habarda aýdylýar.
Onuň çäginde Raýtyň diňe Galaxy S21 Ultra 5G smartfonuny ulanyp, “Şagyzy we Peppernouz” (Princess & Peppernose) romantiki dramasyny tagt mirasdüşeriniň söýgi üçin köşkdäki durmuşdan ýüz öwürýändigi hakynda wakany surata düşürendigi bellenilýär.
Kampaniýa beýleki režissýorlar, şol sanda “Söýgi bizi parça-parça eder” (Love Will Tear Us Apart) we “Meniň wepaly dostlarym” (My Huckleberry Friends) filmleriniň awtory bolan Aziýada meşhur hytaýly režissýor Şa Mo hem gatnaşýar.
Onuň oba mekdebiniň okuwçylarynyň durmuşy barada “Jennetiň çagalary” (Kids of Paradise) atly täze kartinasyny hem Galaxy S21 Ultra 5G enjamyna surata düşürendigi habar berilýär.
Samsung Electronics-iň maglumatlary boýunça, Raýtyň we Şa Monyň lentalarynyň premýerasy şu hepdäniň ahyryna çenli geçiriljek Koreýa Respublikasyndaky Pusan halkara kinofestiwalynda bolar.