Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy

Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy

Las-Wegasda geçýän Consumer Electronics Show (CES) 2024 tehnologik sergisinde Samsung günorta koreý kompaniýasy microLED tehnologiýasynda işleýän dünýäde ilkinji dury displeýleri bilen tanyşdyrdy. Bu barada Ren.tv habar berdi.

Kompaniýa ekranlaryň üç nusgasyny görkezdi, olaryň biri çarçuwasyz bolup, galyňlygy santimetre deň adaty aýna bölegini ýatladýar. Beýleki iki ekran görkezilýän wideoşekilleri synlamak üçin biraz garaldylandyr.

Sergä gatnaşan žurnalistler tanyşdyrylan displeýlere tomaşa edeniňde, howada gologramma şekilleri synlaýan ýaly duýgy döreýändigini ýazýarlar. Galyberse-de, pikselleriň ýokary syklygy we ýagtylygy öňki OLED esasly dury ekranlardan has ýokary hilliligi üpjün edýär.

Ýene degişli makalalar

92 müň orunlyk stadion gurlar
ABŞ-da dikuçar ýere gaçdy
90 ýaşly ekizler 81 ýyl aýralykdan soň tapyşdylar
13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Memoriad 2024 bütindünýä zehin sportlary olimpiadasyna gatnaşýan okuwçylar Dubaýa gider