Samsung 5G tizlik rekordyny goýdy

Samsung 5G tizlik rekordyny goýdy

Samsung inženerleri bäşinji nesil ykjam aragatnaşyk ulgamynda rekord tizlige ýetdiler. Bu barada kompaniýanyň press-relizinde habar berilýär.

Günorta Koreýa kompaniýasynyň hünärmenleriniň sözlerine görä, barlaghanada sekuntda 5,23 gigabaýtlyk maglumat geçiriş tizligi gazanyldy. Korporasiýanyň hünärmenleri bu netijäni 5G standartly täjirçilik enjamy — Galaxy S20 smartfony arkaly gazandyklaryny bellediler. Şeýle hem synaglarda dördünji we bäşinji nesil ykjam aragatnaşyk goldawly radio modullary ulanyldy.

Hünärmenler maglumatlary geçirmegiň E-UTRAN New Radio Dual Connectivity (EN-DC) tehnologiýasyna esaslanýandygyny bellediler. Bu tehnologiýa ykjam aragatnaşyk operatorlaryna 4G arkaly 5G tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Laboratoriýada inženerler tarapyndan 40 megagers tizligi bolan 4G aragatnaşygy 800 megagers tizlikli 5G mmWave aragatnaşygy bilen birleşdirilýär.

GlobalData şereketiniň baş derňewçisi (analitigi) Ed Gubbinsiň sözlerine görä, operatorlar 5G aragatnaşyk ulgamynyň gymmtyny ýokarlandyrmaklyk üçin çäkli çeşmelerden has köp peýdalanmalydyrlar.

Kompaniýanyň habaryna görä, 2019-njy ýylda Samsung smartfonlarynda 5G aragatnaşyk ulgamynyň öňki rekord tizligi sekuntda 4,3 gigabaýtdy. Şereketiň inženerleriniň standarty ilkinji gezek synag edip başlan ýyly bolan 2018-nji ýylda sekuntda 1,7 gigabaýt rekord goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda jemgyýetçilik ýerlerinde maska dakynmak talap edilýär
Kömürturşy gazyndan uçar ýangyjy öndüriler
Laboratoriýa göwher daşy ýasaldy
Türkmen alymlarynyň işläp taýýarlamalary: polat berkligi, hili ýokarlandyrylan bitum we sement ... briketlenen ýüzärlik
Özboluşly artefaktlaryň ýygyndysy: gadymy sene ýazgysynyň täze sahypalyry
Maryly kärendeçiler harmana pagta tabşyranlarynda talanýandyklaryny’ aýdýarlar
Aşgabatlylar 'mugtçulyk' döwründe oturdan suw ölçeýjilerini gaýtadan barlatmaly bolýarlar