Samsung 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda täze önümlerini tanyşdyrar

Samsung 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda täze önümlerini tanyşdyrar

Koreýanyň Samsung kompaniýasy “First Look 2021” atly çäräni yglan etdi, bu çärede kompaniýa displeýleriň geljegi barada gözýetimini görkezer. Çäre 11-nji ýanwardan 14-nji ýanwar aralygynda geçiriljek Consumer Electronics Show 2021-den öň, 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçiriler. Bu barada newinform.com habar berýär.

Samsung-yň resmi saýtynda göni ýaýlyma tomaşa etmek bolýar.Häzirki wagtda Samsung tanyşdyrylyş dabarasynda haýsy önümleriň hödürlenjekdigini mälim edenok. Ýöne firmanyň muşdaklary täze MicroLED telewizorlaryny, şeýle-de 4K we 8K QLED telewizorlaryny görüp bilerler diýlip çaklanylýar.

Belläp geçsek, internetde kompaniýanyň täze nesliň telewizorlarynda Micro-LED tehnologiýalarynyň peýdasyna OLED tehnologiýalaryndan ýüz öwürmek isleýändigi barada gürrüňler bar. Çünki matrisanyň bu görnüşi OLED-matrisa üçin häsiýetli bolan meselelere, aýratynam, ekranyň ýanmagyna we pes ýagtylyga eýe bolman, tomaşaçyny şol bir şekil kontrasty, giň görüş burçlary bilen üpjün edip bilýär.

Micro-LED bu täze tehnologiýa bolup, häzirki wagtda onuň esasy meselesi ýokary bahasydyr.Mundan başga-da, täze kämilleşdirilen displeýli planşetleriň we noutbuklaryň görkezilmegine garaşylýar.Korporasiýa Galaxy S21 flagmanlarynyň täze tapgyryny hödürlär diýlip çaklanylýar.

Ýene degişli makalalar

Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy
Samsung lukmançylyk taýdan ulanmak üçin çeýe displeýleri döretdi
Iň gowy ekran iPhone 12 Pro Max
ZTE şereketi iki sany täze smartfony Blade 20 Pro 5G we Axon 20 4G bilen tanyşdyrdy
Apple tizligini artdyrdy
“iPhone 12” tanyşdyryldy ählisi 5G-li