“Amerika Açykda” erkekleriň arasyndaky finalda-da serbiýaly Nowak Jokowiç bilen argentinaly Huan Martin Del Potro duşuşdy. 3 sagat 16 minutlap dowam eden finalda 31 ýaşly Jokowiç 6:3, 7:6 we 6:3 hasaplar bilen ýeňşini baýram etdi.
Bu onuň “Amerika Açykdaky” 3-nji (2011, 2015, 2018), umumylykda-da 14-nji “Uly tuwulgasydyr” (“Awstraliýa Açyk” 2008, 2011, 2012, 2013, 2015, 2016; “Fransiýa Açyk” 2016; “Wimbledon” 2011, 2014, 2015, 2018). Şunlukda, Jokowiç bu ugurda Pit Sampras bilen deňleşip, 3-nji orny paýlaşýar.
Ondan öňde Rojer Federer (20) bilen Rafael Nadal (17) bar.Galyberse-de, Jokowiç karýerasy boýunça 71-nji ATP kubogyny gazandy.Soňky 2 ýylyň dowamynda bäri şikesi sebäpli çempionlyklardan, hatda ýaryşlardan hem daşda galan we kem-kemden özüni dürseýän Nowak Jokowiç şu ýyl möwsümiň 2-nji “Uly tuwulgasy” “Wimbledonda” hem çempion bolupdy.
Jokowiç 5 gezegem (2007, 2010, 2012, 2013, 2016) “Amerika Açygyň” finalynda utulypdy.Jokowiç ýarym finalda ýaponiýaly Kei Nişikorini ýeňipdi (6:3, 6:4, 6:2). 29 ýaşly Del Potro bolsa Rafael Nadalyň şikesi sebäpli oýny taşlamagyndan soň, finalçy bolupdy.
Oýnalan 12-nji setlerde Del Potro 7:6 we 6:2 hasaplar bilen öňe saýlanypdy.* * *Umumy pul gaznasy 53 million dollar bolan “Amerika Açygyň” jübütleýin ýaryşlarynda amerikaly tennisçiler öňe saýlandy.
Erkekleriň arasynda Maýk Braýan bilen Jek Sok, zenanlaryň arasynda amerikaly Koko Wandewege bilen awstraliýaly Eşlei Barti ikisi hem-de garyşyk jübütlerde amerikaly Betani Mattek-Sands bilen britaniýaly Jeými Mýurreý çempion bolmagy başardylar.